Hytaýyň Şanhaý şäheriniň “China Eastern Airlines” awiakompaniýasy aragatnaşygyň täze nesli hasaplanýan 5G ulgamyndan peýdalanjak ilkinji kompaniýalaryň biri bolar. Bu barada “China daily” syýasy-jemgyýetçilik gazeti habar berýär. Bu tehnologiýa Pekin şäherindäki golaýda ulanmaga berlen dünýäniň iň uly howa menzili hasaplanýan Dasin aeroportunda durmuşa ornaşdyrylar. Häzirki zaman tehnologiýa ýolagçylara 5G tory we emeli aň innowasiýasy arkaly kagyz petekler ulanmazdan uçmaga mümkinçilik berer.
5G tehnologiýasy hem-de beýleki emeli ulgamlaryň ösdürilmegi awiasiýa pudagynyň işiniň ýeňilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Şonuň üçin awiakompaniýalar şeýle hyzmatlary çalt özleşdirmek üçin tagalla edýärler. Ýolagçylar adamyň ýüzüni kesgitleýän tehnologiýanyň kömegi bilen hasaba alnyp, el goşlaryny barlagdan geçirdip, uçara münmäge doly mümkinçilik alarlar. Bu babatda olara şahsyýetini kesgitleýän resminamalar gerek bolmaýar.
Dasin howa menzilinde ornaşdyrylan emeli ulgamlar arkaly ýolagçylar uçar gatnawy babatda ähli maglumatlary, şol sanda barjak ýeriniň howa ýagdaýy we beýleki maglumatlary alyp bilerler. Mundan başga-da el goşlara elektron kagyzjyk hödürlenip, ol hem ýolagça el goşunyň ýagdaýy barada telefony arkaly habarly bolmaga şert döredýär. Ýolagçylar uçar gonandan soňra özbaşdak el goşlaryny hasaba alyp bilerler.
Atamuhammet Niýazberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.