Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 15-nji ýa­ry­şy Tai­lan­dyň Bu­ri­ram we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­di. We­la­ýa­tyň ady­bir hal­ka­ra tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 26 aý­la­wy 39 mi­nut 36,223 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­de 9-njy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 53-nji ge­zek mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ga­za­ny­lan bu ýe­ňiş oňa möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 4 ýa­ryş ga­lan­da, 215 utuk­ly, ikin­ji bas­gan­çak­da­ky And­rea Do­wi­zio­so­dan 110 utuk öňe saý­la­nan wag­tyn­dan ir çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Şun­luk­da, 26 ýa­şyn­da­ky Mark Mar­kes bas­syr 4-nji, umu­my­lyk­da-da 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol soň­ky 2013-2019-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da di­ňe 2015-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lup bil­me­di. Ýag­ny 2013-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Bu çem­pi­on­lyk­dan soň, Mar­kes Mo­to GP-de iň köp çem­pi­on bo­lan sü­rü­ji­le­riň sa­na­wyn­da awst­ra­li­ýa­ly Mik Du­han­dan (5 çem­pi­on­lyk) öňe saý­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da Mar­kes­den öň­de ita­li­ýa­ly ro­wa­ýa­ty sü­rü­ji­le­r Ja­ko­mo Agos­ti­ni (8) bi­len Wa­len­ti­no Ros­si (7) bar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Mark Mar­kes umu­my­lyk­da Mo­to GP ýa­ryş­la­ryn­da 8-nji ge­zek çem­pi­on bo­lup, ol kar­ýe­ra­sy­nyň ir­ki ýyl­la­ryn­da 125cc hem-de Mo­to2 ýa­ryş­la­ryn­da-da bi­rin­ji­li­gi eýe­läp­di.
Tailand­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da “Ya­ma­ha” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri – fran­si­ýa­ly Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro 2-nji, is­pa­ni­ýa­ly Ma­we­rik Win­ýa­les 3-nji ýe­re my­na­syp bol­dy. Möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şy 20-nji okt­ýabr­da Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.