“Ýa­po­ni­ýa Açyk” ten­nis ýa­ry­şyn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol fi­nal­da awst­ra­li­ýa­ly Jon Mill­man­dan 6:3 we 6:2 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy. Bu onuň 2 mil­li­on dol­lar­lyk umu­my baý­rak gaz­na­sy bo­lan “Ýa­po­ni­ýa Açyk­da­ky” il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Şeý­le­lik­de, Jo­ko­wiç kar­ýe­ra­syn­da­ky 76-njy ATP ku­bo­gy­ny ga­zan­dy.
Pe­kin­de ge­çi­ri­len “Hy­taý Açyk” ten­nis ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da awst­ri­ýa­ly Do­mi­nik Ti­em ýe­ňi­ji bol­dy. 26 ýa­şyn­da­ky Tim fi­nal­da gre­si­ýa­ly Ste­fa­nos Si­si­pa­sy 2:1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji set­de 6:3 utu­lan Tim 2–3-nji set­ler­de de­giş­li­lik­de 6:4 we 6:1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Tim ATP ýa­ryş­la­ryn­da 15-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di.
“Hy­taý Açyk­da” ze­nan­la­ryň ara­syn­da fi­nal­da ýa­po­ni­ýa­ly Nao­mi Osa­ka bi­len awst­ra­li­ýa­ly Eş­li Bar­ti du­şuş­dy. 3 set­de ta­mam­la­nan oýun­da Osa­ka 1-nji set­de as­gyn gel­se-de (3:6), soň­ky 2 set­de 6:3 we 6:2 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ýe­ňiş 21 ýa­şyn­da­ky Osa­ka­nyň kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 7-nji WTA çem­pi­on­ly­gy­dyr.