Dünýä Ralli çempionatynda ýylyň 12-nji bäsleşigi Uelsde geçirildi. 312,75 kilometrlik 22 tapgyry 3 sagat 58 sekuntda tamamlan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň estoniýaly sürüjilsi Ott Tanak ýeňiji boldy. Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji ýeňşidir. Ondan 10,9 sekuntlyk az netije görkezen “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly piloty Tierri Noýwill 2-nji, 23,8 sekunt soň pellehana gelen “Citroen Total” toparynyň fransiýaly sürüjisi Sebastian Ožie 3-nji ýere eýeledi.
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär. Häzirki wagtda 240 utuk bilen 1-nji hatardaky Ott Tanak 212 utukly Sebastian Ožieden bir ädim öňde barýar. 3-nji basgançakdaky Tierri Noýwilliň 199 utugy bar. 24–27-nji oktýabr aralygynda Kataloniýada (Ispaniýa) geçiriljek möwsümiň 13-nji ýaryşynda Tanak ýeňiş gazanan ýagdaýynda ilkinji çempionlygyny yglan eder.