Balyklaryň käbir görnüşiniň ýüregi gyş paslynyň gelmegi bilen ulalýar. Şeýle hem balygyň ýüreginiň ululygy suwuň ýylylygyna baglylykda başga wagtda hem ulalyp kiçelýär. Munuň sebäbi uzak aralyga ýüzeninde ýylylygy tapawutly suwda balygyň arkaýyn ýüzüp bilmegi üçindir. Balyklaryň muny nädip ýerine ýetirýändigini alymlar öwrenmäge çalyşýarlar.
Agaçlar şahalaryny bir-birinden uzaklaşdyrýarlar. Muny özüňiz hem gören bolmagyňyz mümkin. Uly agajyň gapdalyndaky kiçiräk agajyň şahalary gapdala egilip ösýär. Munuň sebäbi, Gün şöhlesiniň agaçlaryň aşagyna düşmegi hem-de zyýanly mör-möjekleriň bir agaçdan beýlekisine geçmezligi üçin.