Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat özü­niň aja­ýyp­lyk­la­ry hem-de myh­man­sö­ýer­li­gi bi­len da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry gur­şap al­dy. Myh­man­sö­ýer Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki Sam­mit hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň no­bat­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­ma­gy bi­len ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­la­ry­ny be­ze­di. Aş­ga­bat Sam­mi­ti mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2017-nji ýylda öňe sür­en baş­lan­gy­jy bi­len 2 ýylyň dowamynda gurama ag­za ýurt­la­ryň bi­ler­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da taý­ýar­la­nan Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň stra­te­gik yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da­ky Jar­na­ma­sy­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi bi­len has-da ta­pa­wut­lan­dy.
GDA-a gat­na­şy­jy döw­let­le­riň döwlet Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de hem-de türk­men elektron ne­şir­le­rin­de, te­le we ra­dio­ýaý­lym­lar­da, res­mi we ga­raş­syz saýt­lar­da has iş­jeň be­ýan edil­di. Ýur­du­my­za bu Sam­mi­ti be­ýan et­mek üçin Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ryn­dan 100-den gow­rak met­bu­gat we­kil­le­ri­niň gel­me­gi hem bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mej­li­si­ň mö­hüm­di­gi­niň no­bat­da­ky subut­na­ma­sy­dyr. Şol met­bu­gat sa­hy­pa­la­ryn­da Sam­mi­tiň ge­çiş ter­ti­bi, onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len iki­çä­k hem-de köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar we beý­le­ki çä­re­ler yzy­gi­der­li te­le­to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­di.
Umu­man, met­bu­gat sa­hy­pa­la­ry­nyň ag­la­ba­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň GDA-a baş­tu­tan­lyk et­mek ge­ze­gi­ni ka­bul edip, tä­ze mö­hüm baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş eden­di­gi, şol baş­lan­gyç­la­ryň, hu­su­san-da, stra­te­gik yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Jar­na­ma­nyň Ar­ka­la­şy­ga gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge mö­hüm go­şant goş­jak­dy­gy hakynda giň­den be­ýan edil­me­gi, mil­li Li­de­ri­mi­ziň äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­ga gö­nük­di­ri­len no­bat­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň gyz­gyn gol­dawa eýe bo­lan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň stra­te­gik yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da­ky Jar­na­ma­sy­nyň Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da önüm­çi­lik-koo­pe­ra­si­ýa we söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny çuň­laş­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ener­ge­ti­ka, se­na­gat, ulag we söw­da ýa­ly stra­te­gik ul­gam­lar­da iri möç­ber­li hem-de uzak­möh­let­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem iter­gi ber­jek­di­gi ikuç­syz­dyr.
GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet baştutanlarynyň Aş­ga­bat sam­mi­ti­niň yzy­sü­re ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de dür­li mas­la­hat­lar, met­bu­gat bri­fing­le­ri ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­n­de GDA döw­let­le­ri­niň Döwlet Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Aş­ga­bat mej­li­si­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan met­bu­gat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryn­da hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ryn­da mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di. Şol mas­la­hat­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Aş­ga­bat Sam­mi­tin­de GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne go­şan uly go­şan­dy üçin, GDA-nyň Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ge­ňe­şi­niň hem-de GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň (YHDG) mü­di­ri­ýe­ti ta­ra­pyn­dan “Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin” me­da­ly bi­len sy­lag­la­nan­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nip ge­çil­di.
Umu­man, GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Sam­mi­ti­niň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň we du­şu­şyk­la­ryň hä­si­ýe­ti, gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge gat­na­şy­jy­la­ryň oňyn meý­li, uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar – bu­la­ryň äh­li­si Aş­ga­bat fo­ru­my­nyň Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň öza­ra he­re­ket­le­ri­ni hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak üçin ba­dal­ga öw­rül­jek­di­gi­ni tas­syk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ke­rim Mu­ham­me­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň
mu­gal­ly­my.