Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky 15-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Oňa gat­naş­mak üçin Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýol we şä­her gur­lu­şyk mi­nist­ri M.Es­la­miniň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­da gel­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len mej­li­siň bar­şyn­da ta­rap­lar öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň we Eýranyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp geç­di­ler.

To­pa­ryň ge­çen mej­li­si­niň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne de­giş­li­lik­de pi­kir­ler al­şyl­dy. Iki ýur­duň ugur­daş mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky öza­ra he­re­ket­le­riň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy, şeý­le-de işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ral­dy. Bu ugur­da ta­rap­lar öň­de­ba­ry­jy eý­ran kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän hä­zir­ki tas­la­ma­la­ra se­re­di­lip ge­çil­di.
Hu­su­san-da, we­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da öza­ra he­re­ket et­mek, ulag we ara­gat­na­şyk, ha­ryt­la­ryň güm­rük taý­dan res­mi­leş­di­ril­me­gi, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk, se­na­gat, oba we suw ho­ja­ly­gy, in­že­ner-teh­ni­ki iş­läp düz­me­ler ýa­ly ul­gam­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ryň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di.
Mun­dan baş­ga-da, paý­tag­ty­my­zyň “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Oňa Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let eda­ra­la­ry­nyň we işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hu­su­san-da, söw­da, der­man se­na­ga­ty, oba ho­ja­lyk we suw se­riş­de­le­ri, in­že­ner­çi­lik hyz­mat­la­ry, ener­ge­ti­ka, ulag, lo­gis­ti­ka, sy­ýa­hat­çy­lyk, ne­bit­gaz se­na­ga­ty, dok­ma se­na­ga­ty, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry we gur­lu­şyk pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän 30-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Türk­men ta­ra­pyn­dan bu mas­la­ha­ta mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýol­ba­şçy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri, eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Fo­ru­myň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ola­ryň do­wa­myn­da iki döw­le­tiň we­kil­le­ri öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry we gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da tä­ze gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy hem-de gel­jek­ki gat­na­şyk­la­ryň me­ýil­na­ma­la­ry ta­kyk­la­nyl­dy. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da “Iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry, işe­wür hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek” hem-de “Ulag we lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da ikita­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk” at­ly fo­rum­lar gur­nal­dy.