Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň baý me­de­ni­ýe­ti­ni, ta­ry­hy­ny hem-de me­de­ni mi­ra­sy­ny dün­ýä­de wa­gyz et­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri­ň ba­şyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çä­re­le­ri dur­ýar. Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­syn­da Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Onuň yzy­sü­re ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­rin­den dü­zü­len to­par Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nda bol­du­lar.

Dost­luk­ly Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Minsk we Mo­gi­lew şä­her­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu çä­rä gat­naş­mak üçin folk­lor to­pa­ryn­dan, aý­dym­çy­lar­dan, ki­tap­ha­na iş­gär­le­rin­den, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar­dan, ki­no­çy­lar­dan we ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­rin­den yba­rat bo­lan we­ki­li­ýet Minsk şä­he­rin­de sa­par­da bol­ýar­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Be­la­rus Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy Minsk şä­he­rin­dä­ki döw­let fi­lar­mo­ni­ýa­syn­da ge­çi­ril­di. Onuň öňü­sy­ra­syn­da fi­lar­mo­ni­ýa­nyň fo­ýe­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ki­tap­la­ry­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty eser­le­ri­niň, mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň, şeý­le-de “Türk­me­nis­ta­nyň gö­zel­lik­le­ri we tä­sin­lik­le­ri” at­ly sy­ýa­hat­çy­lyk fo­to ser­gi­si gu­ral­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şan Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri Ýu­riý Bon­dar Türk­me­nis­ta­nyň Be­la­rus Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na goý­lan umu­my go­şant bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mi­nistr soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men-be­la­rus gat­na­şyk­la­ry­nyň äh­li ugur­lar­da has-da iş­jeň­le­şen­di­gi­ni mä­lim et­di. Soň­ra ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry kon­sert bi­len çy­kyş et­di­ler. Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­mi­ziň ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym­dyr tans­la­ry Minsk şä­he­ri­niň ýaşaýjylarynda hem-de onuň myh­man­la­ryn­da uly tä­sir gal­dyr­dy.
Bu me­de­ni çä­re­le­riň çäk­le­rin­de bir­nä­çe du­şu­şyk­lar hem ge­çi­ril­di. Dost­luk­ly ýur­duň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­de türk­men we­ki­li­ýe­ti bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da döw­le­ta­ra we pu­da­ga­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mek, iki ýur­duň bu ul­gam­da ga­za­nan tej­ri­be­le­ri­ni paý­laş­mak, iki ýur­duň halk­la­ry­ny türk­men­dir be­la­rus su­rat­keş­le­ri­niň, ki­no­çy­la­ry­nyň, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň eser­le­ri bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­dyr­mak we beý­le­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça gi­ňiş­le­ýin pi­kir al­şyl­dy.

Hudaýberdi KAKAGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.