Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2050-nji ýyl­da dün­ýä­niň ila­ty­nyň 70 gö­te­ri­mi şä­her­ler­de ýa­şar. Bu hem öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da şä­her­le­riň has-da köp ilat­ly bol­ma­gy bi­len tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt dep­gin­ler­de ös­dü­ril­me­gi bi­len akyl­ly şä­her­ler peý­da bol­ma­ga baş­la­dy. Akyl­ly şä­her­ler yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hem-de sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hem ös­dü­ril­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.
Hä­zir­ki wagt­da şä­her ila­ty­nyň yzy­gi­der­li kö­pel­megine Af­ri­ka we Azi­ýa ýurt­la­ryn­da duş ge­lin­ýär. Go­laý­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Nur-Sul­tan şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan “akyl­ly şä­her­ler” boýunça hal­ka­ra ýyg­nak ge­çi­ril­di. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­nak­da eden çy­ky­şyn­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň iri şä­her­le­riň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýan ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li ar­typ, 1,4 mil­liard ada­ma ýet­di. Bu bolsa gir­de­ji­le­riň hem art­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 2018-nji ýyl­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyndan ge­len gir­de­ji 4 gö­te­rim ar­typ, pul möç­be­rin­de 1,3 tril­li­on dol­la­ra deň bolandygy mä­lim edil­di.

Ýa­kup NU­RY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.