Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Demirgazyk Ýewropanyň iň uly söwda merkezi açyldy. “Mall of Tripla” atly söwda merkezi Helsinki şäheriniň Pasila etrabynda ulanmaga berildi. Täze merkeziň umumy tutýan meýdany 85 müň inedördül metre deňdir. Onda 250 dükan, restoranlar hem-de dürli hyzmat ediş bölümçeler bar. Söwda merkezinde 7 müňden gowrak adam işlär.
Şeýle hem bu söwda merkeziniň toplumynda täze demirýol menzili hem-de 50 müň inedördül metr meýdany bolan kärendesine edaralar üçin bina hem guruldy. Mundan başga-da, 400 otagly myhmanhana, 1000 adama niýetlenen ýaşaýyş jaýy guruldy. Bu toplum üçin 1,1 milliard ýewro sarp edildi.