Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy gel­je­giň aw­tou­la­gy ha­sap­lan­ýan sü­rü­ji­siz hem-de wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne 1,8 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de se­riş­de gö­nük­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže In bel­läp geç­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny “Hy­un­dai” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­niň ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li we­zi­pe­le­ri mä­lim etdi. Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Ko­re­ýa­ wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän ulag ön­dür­mek ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­di. Mu­ňa Şweý­sa­ri­ýa bi­len 1,6 müň ulag sat­mak bo­ýun­ça de­giş­li yla­la­şy­gyň bag­la­şy­lan­dy­gy­ my­sal hök­mün­de ge­ti­ril­di.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy 2030-njy ýy­la çen­li wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän ulag sa­tu­wy­ny 33 gö­te­ri­me ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ba­za­ryn­da şeý­le ulag­la­ryň sa­tu­wy 10 gö­te­ri­me deň­dir. Şu me­ýil­na­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len ha­la­tyn­da ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri­ni 36 gö­te­rim, ow­nuk to­zan­yň bö­le­jik­le­ri­niň möç­be­ri­ni 11 gö­te­rim azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­rär.
Mun­dan baş­ga-da, öňü­miz­dä­ki 10 ýy­lyň do­wa­myn­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ne 60 tril­li­on won (50,6 mil­liard dol­lar) möç­be­rin­de se­riş­de sarp et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Gündogdy HOJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.