24-nji okt­ýabr – 4-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­sin­de gör­ke­zil­jek ulag­lar ba­ra­da mag­lu­mat ber­lip baş­lan­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy bu ser­gi­de has tä­sin ulag­la­ry­ny gör­ke­zer. Kom­pa­ni­ýa­nyň gör­kez­jek “Copen GR” at­ly mo­de­li ki­çi hem-de sport gör­nüş­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Üs­ti açy­lyp ýa­pyl­ýan iki orun­lyk bu ula­gyň öňü­miz­dä­ki aý­dan baş­lap, sar­gyt­la­ry ka­bul edip baş­la­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Mo­to­ry­nyň göw­rü­mi 660 cc bo­lan ula­gyň kuw­wa­ty 65 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Se­kiz reňk­de çy­ka­ryl­jak ula­gyň daş­ky we iç­ki di­zaý­ny sport aw­tou­lag hä­si­ýet­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär.
Şeý­le hem ýa­pon bren­di LQ at­ly mo­de­li­ni hem köp­çü­li­ge ta­nyş­dy­rar. Bu mo­del il­kin­ji ge­zek 2017-nji ýyl­da Las-We­gas­da ge­çi­ri­len CES ser­gi­sin­de nus­ga­lyk gör­nü­şin­de ta­nyş­dy­ry­lyp­dy. Ula­gyň iç­ki di­zaý­nyn­da hem teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ryn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Sü­rü­ji­niň öňün­dä­ki sen­sor ek­ran­yn­da dür­li mag­lu­mat­la­ry gör­mek bol­ýar. “Toyo­ta”-nyň soň­ky mo­del­le­rin­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­myň 4-nji de­re­je­sin­den peý­da­la­nyl­ýar. Bu de­re­je do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän, ýag­ny sü­rü­ji­siz ula­gyň öň ýa­nyn­da­ky bas­gan­çak ha­sap­lan­ýar. Ula­gyň uzyn­ly­gy 4530 mil­li­met­re, ini 1840 mil­li­met­re we be­ýik­li­gi 2700 mil­li­met­re ba­ra­bar. Ulag­da “Yui” at­ly eme­li aň­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu teh­no­lo­gi­ýa esa­syn­da sü­rü­ji ula­gy­ny bel­li bir ara­lyk­dan ýa­ny­na ça­gy­ryp bil­ýär. Ulag sü­rü­ji­siz ýag­daý­da “ho­ja­ýy­ny­nyň” ýa­ny­na gel­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýän ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 300 ki­lo­metr ýol geç­ýär. Kom­pa­ni­ýa ula­gyň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin “Pa­na­so­nic” bi­len hyz­mat­daş­lyk edip­dir. Ula­gyň ser­gi­de iň köp ün­si çek­jek mo­del­le­riň bi­ri bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
“Mit­su­bis­hi” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa özü­niň iki mo­de­li­ni ser­gä çy­kar­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ki­çi göw­rüm­li SUV mo­de­li “MI-TECH CONCEPT” we “Su­per Height K-Wa­gon Concept” at­ly ula­gy­ny gör­ke­zer. Şeý­le hem, şu ýy­lyň mar­tyn­da Že­ne­wa aw­tou­lag ser­gi­sin­de ta­nyş­dy­ry­lan or­ta ulu­lyk­da­ky “En­gel­berg Tou­rer”, “Out­lan­der PHEV plug-in”, “Eclip­se Cross” we “De­lica D:5” mo­del­le­ri­ni hem aw­tou­lag muş­dak­la­ry­na gör­ke­zer. “MI-TECH CONCEPT”-iň äh­li ýol we ho­wa şert­le­rin­de ra­hat sü­rü­şi üp­jün et­jek­di­gi­ bel­le­nil­ýär. Has ýe­ňil ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ril­jek 4 he­re­ket­len­di­ri­ji­li bu ulag yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Mo­del şol bir çy­zyk ara­ly­gy­ny yzar­la­ýan, öň­dä­ki ulag bi­len ara­ly­gy sak­la­ýan, tiz­li­gi çen­de­na­şa kö­pel­me­gi­niň öňü­ni al­ýan ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len.