Germaniýanyň Ştutgart şäherinde geçirilen sport gimnastikasy boýunça 49-njy Dünýä çempionaty tamamlandy. 10 günläp dowam eden çempionata 92 ýurtdan 547 türgen gatnaşdy.
Medal sanawynda amerikaly gimnastikaçylar 5 altyn medal bilen 1-nji ýeri eýeledi. 3 altyn medal alan ruslar 2-nji, Beýik Britaniýanyň türgenleri-de 2 altyn medal bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Türkiýe, Belgiýa, Braziliýa hem-de Filippinler döwletleriniň türgenleri-de çempionaty 1 altyn medal bilen tamamladylar.
Zenanlaryň arasynda 22 ýaşyndaky amerikaly Simona Baýles 5 altyn medal gazandy. Ol ABŞ-nyň gazanan 5 altyn medalyna-da gönüden-göni uly goşant goşdy. Ol toparlaýyn, ýekeleýin, eliňi diräp bökmek, erkin hem-de deň agramlylyk agajy görnüşlerinde ýeňiş münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ýaş türgen mümkin bolan 6 medalyň diňe birinde, has takygy, dürli beýiklikdäki bruslar görnüşinde ýeňiş gazanyp bilmedi. Bu ugurda belgiýaly Nina Derwal öňe saýlandy.
Şunlukda, Simona Baýlesiň Dünýä çempionatlaryndaky gazanan medallarynyň sany 25-e ýetdi. Gazanylan bu medallardan soň, Simona Baýles 23 medally belarusly Witaliý Şerbodan öňe saýlanyp, rekordy öz adyna geçirdi. 1991–1996-njy ýyllar aralygynda 12 altyn, 7 kümüş, 4 bürünç, jemi 23 medal alan Şerbo rekordy 23 ýyllap özünde saklapdy. 19 altyn (ýekelikde 15), kümüşdir bürünç medallaryň hersinden hem 3 medal gazanan Simona Baýlesiň indiki çempionatlarda rekordy has hem ösdürmegine garaşylýar.
Erkekleriň arasynda toparlaýyn bäsleşikde Russiýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Şol toparyň agzasy Nikita Nagornyý ýekeleýin köpgörnüşli hem-de eliňi diräp bökmek boýunça ýaryşlarda-da altyn medaly eýelemegi başardy. Şeýle-de britaniýaly gimnastikaçylar Maks Waýtlok (agaç at görnüşde) bilen Jou Freýzer (parallel pürsler görnüşde), filippinli Karlos Ýulo (erkin görnüşde), türkiýeli Ibrahim Çolak (halka görnüşde) hem-de braziliýaly Artur Mariano (kese agaç görnüşde) altyn medal alan beýleki gimnastikaçylar boldy.
Sport gimnastikasy boýunça 50-nji çempionat 2021-nji ýylda Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde geçiriler.