Çikago marafonynda keniýaly ýeňil atletikaçylar ýeňiji bolup, zenanlaryň arasynda dünýä rekordy täzelendi. Zenanlaryň arasynda ýeňiş gazanan keniýaly Brigid Kosgeiniň görkezen 2 sagat 14 minut 04 sekuntlyk netijesi dünýä rekordyna deň boldy. Öňki rekord britaniýaly Paula Red- klaýffa degişli bolup, ol 2015-nji ýylda London marafonynda 2 sagat 15 minut 25 sekuntda pellehana gelipdi. Bu ýeňiş Kosgeiniň Çikagodaky 2-nji, uly marafonlardaky 3-nji çempionlygydyr. Çikago marafonynda 2–3-nji orunlary efiopiýaly ylgaýjylar – Ababel Ýeşaneh (2:20:51) bilen Geleta Burka (2:20:55) eýelemegi başardy.
Erkekleriň arasynda keniýaly Lawrens Çerono 2 sagat 05 minut 45 sekuntda pellehanadan geçip, 6 uly marafondaky 2-nji ýeňşini gazandy. Ol şu ýyl Boston marafonynda çempion bolupdy. Efiopiýaly ylgaýjylar Dejene Debela (2:05:46) bilen Asefa Mengstu (2:05:48) degişlilikde, 2-nji we 3-nji ýerleri eýelediler.