Gel­jek ýyl Ýew­ro­pa­nyň 12 şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa fut­bol çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma oýun­la­ry­nyň no­bat­da­ky 2 tap­gy­ry­ ta­mam­lan­dy. Ge­çi­ri­len oýun­lar­dan soň, 6 ýy­gyn­dy wag­tyn­dan ozal Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Bu ugur­da il­kin­ji ýol­lan­ma alan Bel­gi­ýa­nyň, soň­ra Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bol­dy. Soň­lu­gy bi­len, Rus­si­ýa­nyň, Pol­şa­nyň, Uk­rai­na­nyň hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li to­par­la­ry EURO 2020-ä ýol­lan­ma ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
“A” to­par­ça­da Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy myh­man­çy­lyk­da Çe­hi­ýa­dan 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Bu ýeň­liş­den soň, iň­lis­le­riň Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­mak hu­ku­gy no­ýabr aýy­na süýş­di. Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Bol­ga­ri­ýa­ny 6–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da Reş­ford (7), Bark­li (20, 32), Ster­ling (45+3, 69) hem-de Keýn (85) ta­pa­wut­lan­dy. To­par­ça­da 2-nji ýer ug­run­da çeh­ler bi­len ko­so­wo­ly­la­ryň ara­syn­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär.

700-nji GOL
“B” to­par­ça­da Por­tu­ga­li­ýa Lýuk­sem­bur­gy 3–0 (B. Sil­wa 16, Ro­nal­do 65, Ge­deş 89), Uk­rai­na Lit­wa­ny 2–0 (Ma­li­nows­kiý 29, 58) ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ňiş ga­za­nan iki to­pa­ryň ara­syn­da­ky oýun­da bol­sa, Uk­rai­na öz meý­dan­ça­syn­da Por­tu­ga­li­ýa­dan 2–1 üs­tün çyk­dy. Ýa­rem­çuk (6) bi­len Ýar­mo­len­ka­nyň (27) gol­la­ry­na gar­şy­lyk Ro­nal­do­nyň 72-nji mi­nut­da­ky pe­nal­ti go­ly por­tu­gal­la­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Bu ýe­ňiş­den soň, And­reý Şew­çen­ko­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Uk­rai­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na we­kil­çi­lik et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Şeý­le-de Ro­nal­do­nyň ge­çi­ren go­ly onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 700-nji gol hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Şun­luk­da, Ro­nal­do çe­hi­ýa­ly Ýo­zef Bi­san­dan (805), bra­zi­li­ýaly Ro­ma­rio (772) we Pe­le­den (767), weng­ri­ýaly Fe­renç Puş­kaş­dan (746) hem-de ger­ma­ni­ýa­ly Gerd Mül­ler­den (735) soň, 700 gol ge­çi­ren 6-njy fut­bol­çy bol­dy.
“C” to­par­ça­da gol­land­lar il­ki D. Ir­lan­di­ýa­ny soň­ky mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len 3–1 (De­paý 80, 90+4, L. De Ýong 90+1 — Ma­gen­nis 75), soň­ra bol­sa, myh­man­çy­lyk­da Be­la­ru­sy Wiý­nal­du­myň gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­di. Ger­ma­ni­ýa bol­sa, myh­man­çy­lyk­da Es­to­ni­ýa­ny Gün­do­ganyň (51, 57) we Wer­ne­riň (71) gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Topar­ça­da 15 utuk­ly Gol­lan­di­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa 1–2-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar. Mun­dan soň­ky 2 oý­nun­da il­ki gol­land­lar, soň­ra-da ne­mes­ler bi­len du­şuş­jak D. Ir­lan­di­ýa 12 utuk bi­len 3-nji ha­tar­da bar­ýar.

3 TOPARYŇ ARASYNDA
ÝITI GÖREŞ
“D” to­par­ça­da 3 to­pa­ryň ara­syn­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­mak ug­run­da ýi­ti gö­reş do­wam ed­ýär. Öň­de­ba­ry­jy ir­land­lar üçin bu iki tap­gyr şow­suz geç­di. Gru­zin­ler bi­len deň­me-deň oý­nan ir­land­lar şweý­sar­lar­dan 2–0 as­gyn gel­di. Da­ni­ýa bol­sa Şweý­sa­ri­ýa­ny Pol­se­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­me­gi ba­şar­dy. “E” to­par­ça­da hor­wat­la­ryň Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň fi­nal tap­gy­ry­na ýol­lan­ma al­ma­gy üçin bir ädim gal­dy. Weng­ri­ýa­ny 3–0 (Mod­riç 5, Pet­ko­wiç 24, 42) ýe­ňen hor­wat­lar myh­man­çy­lyk­da Uels bi­len 1–1 (Beýl 45+3 — Wla­şiç 9) deň­me-deň oý­na­dy.

ISPANLAR SOŇKY MINUTDA
“F” to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bu ge­zek­ki tap­gyr­la­ryň iki­sin­de hem skan­di­naw ýurt­la­ry bi­len du­şu­şyp, deň­me-deň oý­na­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ma­ta­dor­lar Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Il­ki Nor­we­gi­ýa bi­len, soň­ra Şwe­si­ýa bi­len 1–1 deň­me-deň oý­nan is­pan­lar 11-nji ge­zek Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş eder. 1-nji oýun­da 47-nji mi­nut­da Sa­ul bi­len öňe ge­çen is­pan­la­ryň to­run­dan ha­sa­by deň­län go­ly 90+4-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den King der­we­zä gi­riz­di. 2-nji oýun­da is­pan­lar oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da ha­saby deň­le­me­gi ba­şar­dy (Berg 50 — Rod­ri­go 90+2).
“G” to­par­ça­da il­ki Lat­wi­ýa­ny 3–0, soň­ra De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­ny 2–0 ýe­ňen Pol­şa 19 utuk top­lap, Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­jek to­par­la­ryň bi­ri bol­dy. Pol­şa ta­ry­hyn­da 4-nji sa­par yk­lym ýa­ry­şy­na we­kil­çi­lik eder. Bu ugur­da Awst­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 16 utuk bi­len 2-nji ha­tar­da bar­ýar. “H” to­par­ça­da Dün­ýä çem­pio­ny Fran­si­ýa myh­man­çy­lyk­da Is­lan­di­ýa­ny (Ži­ru 66 p), Tür­ki­ýe bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da Al­ba­ni­ýa­ny (To­sun 90) 1–0 ut­dy. Fran­si­ýa bi­len Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da­ky oýun­ deň­lik­de ta­mam­lan­dy (Ži­ru 76 — Aý­han 82). “I” to­par­ça­da Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni San Ma­ri­no­ny 9–0 ýe­ňip, Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nan il­kin­ji to­par bo­lup­dy. Il­ki şot­land­la­ry 4–0 (Dzýu­ba 57, 70, Oz­do­ýew 60, Go­lo­win 84), soň­ra Kip­ri 5–0 (Çe­ry­şew 9, 90+2, Oz­do­ýew 23, Dzýu­ba 79, Go­lo­win 89) ýe­ňen Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy hem Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na ýol­lan­ma al­ma­gy ba­şar­dy. Rus­si­ýa ozal­ky So­ýu­zy go­şa­nyň­da 12-nji ge­zek Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­na­şar.