Möwsümiň 8-nji “Masters” (Ussatlar) ýaryşy bolan Şanhaý “Masters” tennis bäsleşiginde russiýaly Daniil Medwedew ýeňiş gazandy. Ol finalda asly rus bolan germaniýaly Aleksandr Zwerew bilen duşuşdy. 1-nji setde 6:4, 2-nji setde-de 6:1 hasaplar bilen ýeňiş gazanan 23 ýaşyndaky Medwedew karýerasyndaky 2-nji “Masters”, umumylykda bolsa, 7-nji ATP çempionlyk kubogyny asmana göterdi. Medwedew mundan öňki Sinsinnati “Masters” ýaryşynda-da ýeňiş gazanypdy. “Masters” ýaryşlarynyň 3-sinde ýeňiji bolan Zwerew 3-nji gezek finalda ýeňildi. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 8 million 322 müň 885 dollara deň bolup, ýeňijä 1 million 374 müň dollar pul sylagy berildi.