Paýtagtymyz Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019” atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen her ýyl geçirilýän bu halkara forumyň şu ýylky çäresine dünýäniň ençeme ýurdundan kompaniýalaryň wekilleri, bilermenleri hem-de wekilýetçilikli toparlary gatnaşýar.