Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat ýe­ne-de bir aja­ýyp me­de­ni çä­rä­niň ge­çi­ri­len ýe­ri­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm çä­re­si­ne öw­rü­len We­na ba­ly dör­dün­ji ge­zek Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di. Bu köp öwüş­gin­li çä­re şol bir wagt­da Aş­ga­ba­dyň we We­na­nyň ara­syn­da­ky dost­luk köp­rü­si­ne öw­rül­di.
Dä­be gö­rä, We­na ba­ly Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýär. We­na ba­ly Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dyr. Şol ýer­de her ýyl 450-den gow­rak bal ge­çi­ril­ýär.

Özü­niň 200 ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da bu saz we wals baý­ram­çy­ly­gy meş­hur­ly­gy­ny sak­lap gal­mak bi­len çäk­len­män, gaý­tam, iň wa­jyp hem-de äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Şon­dan gö­rel­de al­nyp, dün­ýä­niň köp şä­her­le­rin­de şeý­le çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat hem bar.
Bu ge­zek­ki da­ba­ra­ly çy­kyş­lar “Siz Wa­ta­na be­lent yk­bal, Ar­ka­dag!” at­ly wa­tan­çy­lyk aý­dy­my bi­len açyl­dy.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sim­fo­ni­ki or­kestri­niň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de awst­ri­ýa­ly kom­po­zi­tor we di­riž­ýor Karl Mi­ha­el Si­re­riň “Po­lo­nez” sa­zy ýaň­lan­dy. We­na ba­ly­nyň res­mi taý­dan açy­lyş da­ba­ra­sy 25 sa­ny tans­çy jü­büt­le­riň sah­na çyk­ma­gy bi­len baş­la­dy. Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň meý­dan­ça­syn­da ýyg­na­nan köp san­ly to­ma­şa­çy­lar Io­gann Ştrau­syň, We­li Mu­ha­do­wyň, Aman Aga­jy­ko­wyň, Da­ňa­tar Hy­dy­ro­wyň, Da­ňa­tar Öwe­zo­wyň, Ça­ry Nu­ry­mo­wyň we beý­le­ki kom­po­zi­tor­la­ryň aja­ýyp saz­la­ryn­dan, şeý­le hem iň go­wy türk­men aý­dym­çy­la­ry­nyň we awst­ri­ýa­ly ope­ra aý­dym­çy­la­ry­nyň ses­le­rin­den lez­zet al­dy­lar.
Bel­li aý­dym­çy­lar And­re­as Ýan­ko­wiç we Nei­wi Mar­ti­nes saz baý­ram­çy­ly­gyn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ry öz­le­ri­niň iň oňat aý­dym­la­ry bi­len be­gen­dir­di. Ba­la Slo­wa­ki­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li te­at­ryn­dan Ma­rek Bo­bo­sik we Mar­ta Nit­ra­no­wa hem ça­gy­ryl­dy. Olar Io­gann Ştraus adyn­da­ky We­na aý­dym-saz to­pa­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri bo­lup dur­ýar.
Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len no­bat­da­ky We­na ba­ly oňa gat­na­şy­jy­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka öw­rü­lip, me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň çäk­le­ri we ara­lyk­la­ry geç­mä­ge kö­mek edip, dün­ýä­niň dür­li halk­la­ry­ny pa­ra­hat­çy­ly­ga, saz­la­şy­ga we gö­zel­li­ge, ýag­şy­ly­ga we ro­waç­ly­ga ta­rap ym­tyl­ma­gyn­da ola­ry bir­leş­dir­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ky­ka­ty in­kär edip bol­ma­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­dy.