Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde “Tokyo Motor Show” atly halkara awtoulag sergisi geçirilýär. Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda başlan bu sergi 46-njy gezek geçirilýär. Tokio şäheriniň port bölegindäki “Big Sight” sergi toplumynda guralýan sergide 180 töweregi kompaniýa bu önümçilige degişli öz ulaglaryny hödürleýär. Serginiň işi 4-nji noýabra çenli dowam eder.
“Toyota”, “Nissan”, “Honda” we “Mazda” ýaly Ýaponiýanyň köp sanly öňdebaryjy awtoulag kompaniýalarynyň giň göwrümli diwarlyklary sergä gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
“Geljegi açýarys” diýen şygar bilen geçirilýän bu awtoulag sergisinde 2020-nji ýyldan soňra satuwa çykaryljak ulaglar görkezildi. Ilkinji gezek bu sergi birnäçe iri sergi toplumlary birleşdirilip geçirilýär. Ol hem bu ýere gelýän myhmanlaryň ulaglary, elektromobilleri we beýleki awtomatlaşdyrylan täzeçil ulag görnüşlerini synag görnüşinde sürüp görmäge mümkinçilik döredýär.
ELEKTRIKLI ULAGLARA
ULY GYZYKLANMA
1997-nji ýylda “Toyota Prius” gibrid ulagynyň peýda bolmagy bilen Ýaponiýada ulaglaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin bäsdeşlik başlandy. Häzirki wagtda elektrik togy bilen işleýän ulag önümçiligine hem uly gyzyklanma bildirilýär. Muňa şu gezekki sergide görkezilen ulaglar hem mysal bolup biler. Meselem “Honda” kompaniýasy ady “e” harpy bolan täze ulagyny görkezdi. Ol litiý-ion batareýalary bilen işleýär. 2020-nji ýylda bu ulagy Ýaponiýada satuwa çykarmak göz öňünde tutulýar. Şondan soňra “Honda” kompaniýasy Ýewropa bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.
“Nissan” kompaniýasy “IMk” hem-de “Ariya” kysymly elektromobillerini görkezdi. “Ariya” ulagy has köp gyzyklanma döretdi. “Mazda” kompaniýasy ilkinji elektrik togy bilen işleýän “MX-30” kysymly ulagyny köpçülige hödürledi. Bu ulagyň daşky keşbi sport ulaglaryna meňzedildi. “Honda” kompaniýasy “Jazz” kysymly ulagy bilen köpleriň ünsüni çekdi. Ony 2020-nji ýylda Ýewropa bazaryna çykarmak göz öňünde tutulýar. Ýaponiýanyň dünýä belli “Toyota” kompaniýasy bolsa, sürüjisiz ulag hem-de elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň birnäçe görnüşini hem-de 2014-nji ýylda bazara çykaran “Mirai” kysymly ulagynyň täzelenen görnüşini görkezdi.
AWTOULAG SERGISI BARADA
“Tokyo Motor Show” awtoulag sergisiniň taryhy 60 ýyldan gowrakdyr. Bu halkara ýeňil ulaglaryň sergisiniň ilkinjisi 1954-nji ýylda “All-Japan Motor Show” ady bilen geçirilipdi. Şondan 257 ýapon kompaniýasy 267 ulag görnüşlerini görkezipdi. Şol döwürde ýeňil ulaglaryň sany bary-ýogy 17-ä deňdi. 1956-njy ýyldan soňra bu sergide köpräk ýeňil ulaglara has köp üns berildi. 1973-2001-nji ýyllaryň arasynda bu sergi her ýylda 2 gezek geçirildi. 1991-nji ýylda bu sergini synlamak üçin 2 million adam gelipdi. Bu iň ýokary görkezijidir.
“Tokyo Motor Show” awtoulag sergisi bu ugurda geçirilýän Detroýt, Ženewa, Frankfurt we Pariž awtoulag sergileri bilen bir hatarda ilkinji bäşlige girýär.
Merdan ALLAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.