Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň gymmat şokolady girizildi. Ony Hindistanda taýýarladylar. Şokoladyň görnüşi hasaplanýan trýufeller süýjüsiniň bir kilogramynyň bahasy 6221 dollara deňdir. Süýji önümlerini öndürýän fransiýaly Filipp Kontisininiň gatnaşmagynda taýýarlanan şokolad üçin seýrek duş gelýän önümler ulanyldy. Olaryň hatarynda Ýamaýkanyň “Blue Mountain” kofesi, Taitiniň wanilli kakaosy, Belgiýanyň ak reňkli şokolady we Italiýanyň Piemont şäheriniň pissesi bar. Ine, şu önümler bu şokoladyň bahasynyň gymmat bolmagyna getirýär.
Bu şokoladlar Hindistanyň “ITC Limited” kompaniýasynyň başlangyjy bilen taýýarlandy. Olaryň örän az mukdary satuwa çykarylar. Süýjüleriň 15 sanysy ýörite agaçdan ýasalan gutujyklara ýerleşdiriler. Taýýarlanan trýufelleriň agramy 15 grama deňdir. Bir guty şokoladyň bahasy ortaça, 1,4 müň dollar bolar.