Iň halanýan miweleriň biri bolan üzüm ýurdumyzyň ähli ýerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ondan irki döwürlerden bäri dürli görnüşli tagamlar taýýarlanýar. Gür we salkyn saýasynyň bolýanlygy üçin jaýlaryň daş-töweregine hem ekilýär. Onuň miweleri tilisgä düzülip, hoşany emele getirýär. Üzüm oba hojalyk ekinleriniň arasynda adama iň köp peýda getirýän we az zähmeti talap edýän ösümlikleriň biri hasaplanýar. Bu miwäniň örän köp görnüşi bar. Güneşli ýurdumyzda onuň halyly, gelinbarmak, dagtokga, esgeri, göksuwly, akşekerek, ýegdäne, monty, bidäne, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, rişbaba ýaly görnüşleri giňden ýaýrandyrlar. Görnüşine we ekilen şertlerine baglylykda, üzümiň düzüminde 14-25% ereýän we bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza we fruktoza saklanýar. Bişen üzümiň düzüminiň ýarysyny glýukoza emele getirýär. Ol adam bedenine oňaýly täsir edýär. Bedenimiziň kabul edýän şekeriniň ählisi ganymyza aralaşmazdan ozal, glýukoza öwrülýär. Kabul edilen üzüm gysga wagtyň dowamynda gana geçýär we nerw öýjükleriniň esasy iýmitine öwrülýär. Onuň miwesiniň, ortaça, 65-80 göterimini suw emele getirýär. Üzümiň şiresinde adamyň kadaly ýaşamagy üçin gerek bolan mineral maddalar we mikroelementler bar. Ol birnäçe kesel dörediji ýokançlyklaryň öňüni alýar. Gadymy rimli we arap lukmanlary üzümiň bejeriş aýratynlyklaryndan giňden peýdalanypdyrlar.