Fran­suz­la­ryň dün­ýä bel­li ne­şi­ri “France Fo­ot­ball” ta­ra­pyn­dan gow­şu­ryl­ýan “Al­tyn top” (Bal­lon d’Or) baý­ra­gy­nyň bu ýyl­ky da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. “Al­tyn top” baý­ra­gy ug­run­da 30 fut­bol­çy da­laş­gär gör­ke­zil­di. Ola­ryň 7-si Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň soň­ky çem­pio­ny “Li­wer­pul” to­pa­ry­na de­giş­li­dir. “Man­çes­ter Si­ti­niň” 5, “Bar­se­lo­na­nyň” 4, ge­çen möw­süm 8 oýun­çy­sy da­laş­gär gör­ke­zi­len “Re­al Mad­ri­diň” 2, şol san­da “Aýaks­dyr” “Tot­ten­ha­myň”, “Ýu­wen­tu­syň”, PSŽ-niň 2, “Ar­se­na­lyň”, “Ba­wa­ri­ýa­nyň”, “At­le­ti­ko­nyň” we “Na­po­li­niň” 1 oýun­çy­sy da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Baý­ra­gyň esa­sy da­laş­gär­le­ri hök­mün­de gör­ke­zil­ýän Lio­nel Mes­si bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do no­bat­da­ky ge­zek hem sa­na­wa alyn­dy.

Ge­çen ýyl­ky eýe­si sa­na­wa alyn­ma­dy
Baý­ra­gyň ge­çen ýyl­ky eýe­si, “Re­al Mad­ri­diň” hor­wa­ti­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Lu­ka Mod­riç bu ge­zek sa­na­wa hem alyn­ma­dy. Il­kin­ji ge­zek baý­ra­gyň eýe­si no­bat­da­ky ýyl­da da­laş­gär gör­ke­zil­me­di. Mod­riç­den baş­ga-da “Bar­se­lo­na­nyň” urug­waý­ly hü­jüm­çi­si Lu­is Sua­res, möw­sü­miň ag­ram­ly bö­le­gi­ni şi­kes­li ge­çi­ren bra­zi­li­ýa­ly Neý­mar hem sa­na­wyň da­şyn­da gal­dy. 30 ki­şi­lik sa­naw­da is­pan fut­bol­çy­lary­nyň hiç biriniň ýok­du­gy bel­lär­lik­li­dir. 1993-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek is­pan fut­bol­çy­la­ry­na da­laş­gär bol­mak ba­şart­ma­dy.
Şeý­le-de şu ýyl ze­nan­la­ryň ara­syn­da 2-nji ge­zek gow­şu­ryl­jak “Al­tyn top” (Bal­lon d’Or Fe­mi­nin) baý­ra­gy­nyň hem da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. 20 fut­bol­çy­dan yba­ra­t sa­na­wa — Me­gan Ra­pi­nou, Mar­ta, ge­çen ýyl­ky eýe­si Ada He­ger­berg, Wen­di Re­nar, Sem Kerr, El­len Waýt, Aleks Mor­gan, Dže­ni­fer Ma­ro­žan, Aman­din An­ri, Nil­la Fi­şer ýa­ly fut­bol­çy­lar go­şul­dy. Ýy­lyň der­we­ze­çi­si­ne be­ril­ýän Ýa­şin baý­ra­gy ug­run­da hem Al­li­son Be­ker, Ke­pa Ar­ri­za­bal­ga, Eder­son, Sa­mir Han­da­no­wiç, Hu­go Llo­ris, Ma­nu­el No­ýer, Ýan Ob­lak, And­re Ona­na, Woý­çeh Şens­nyý, Mark-And­re Ter Şte­gen da­gy da­laş­gär gör­ke­zil­di.
1956-njy ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän “Al­tyn top” baý­ra­gy­nyň bu ýyl­ky eýe­si 2-nji de­kabr­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da mä­lim edi­ler. Baý­ra­gyň esa­sy da­laş­gär­le­ri hök­mün­de Mes­si, Ro­nal­do hem-de Wan Deýk öňe saý­lan­ýar.
“Al­tyn top” baý­ra­gy­nyň da­laş­gär­le­ri:
Wir­gil Wan Deýk (“Li­wer­pul”), Ber­nar­do Sil­wa (“M. Si­ti”), Hyn-min Son (“Tot­ten­ham”), Ro­bert Le­wan­dows­ki (“Ba­wa­ri­ýa”), Ro­bert Fir­mi­no (“Li­wer­pul”), Mat­tiýs de Ligt (“Ýu­wen­tus”), Al­li­son (“Li­wer­pul”), Ka­rim Ben­ze­ma (“Re­al Mad­rid”), Je­or­ji­nio Wiý­nal­dum (“Li­wer­pul”), Ser­jio Ague­ro (“M. Si­ti”), Fren­ki de Ýong (“Bar­se­lo­na”), Hu­go Llo­ris (“Tot­ten­ham”), Du­san Ta­diç (“Aýaks”), Kris­tia­no Ro­nal­do (“Ýu­wen­tus”), Ki­li­an Mbap­pe (PSŽ), Trent Alek­san­der-Ar­nold (“Li­wer­pul”), Don­ni wan de Be­ek (“Aýaks”), Pi­er-Eme­rik Oba­me­ýang (“Ar­se­nal”), Mark-And­re ter Şte­gen (“Bar­se­lo­na”), Sa­dio Ma­ne (“Li­wer­pul”), Lio­nel Mes­si (“Bar­se­lo­na”), Ri­ýad Mah­rez (“M. Si­ti”), Ke­win de Bruý­ne (“M. Si­ti”), Ka­li­du Ko­li­ba­li (“Na­po­li”), An­tu­an Griz­mann (“Bar­se­lo­na”), Edin Ha­zar (“Re­al Mad­rid”), Mo­ham­med Sa­lah (“Li­wer­pul”), Mar­ki­ni­os (PSŽ), Ra­him Ster­ling (“M. Si­ti”), Žoao Fe­liks (“At­le­ti­ko”).