Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň klub­la­rynyň ara­syn­da­ky iň uly bäs­le­şi­k bolan “Li­ber­ta­do­res” ku­bo­gyn­da (Copa Li­ber­ta­do­res) soň­ky çem­pi­on “Ri­wer Pleýt” (Ar­gen­ti­na) bi­len “Fla­men­go” (Bra­zi­li­ýa) fi­na­la çyk­dy. “Su­perk­la­si­ko” der­bi­sin­de “Bo­ko Hu­niors” bi­len “Ri­wer Pleýt” du­şuş­dy. 1-nji oýun­da 2–0 ýe­ňiş ga­za­nan “Ri­wer Pleýt” jo­gap oý­nun­da 1–0 as­gyn gel­di. Hur­ta­do­nyň 79-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 üs­tün çy­kan “Bo­ko Hu­ni­or­sa” bu ha­sap fi­nal­da oý­na­mak üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. 7-nji ge­zek fi­na­la çy­kan “Ri­wer Pleýt” to­pa­ry ku­bo­gy 1986-njy, 1996-njy, 2015-nji we 2018-nji ýyl­lar­da ga­za­nyp, ol 1966-njy we 1976-njy ýyl­lar­da-da ikin­ji ýe­ri eýe­läp­di.
“Ri­wer Pleý­tiň” fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy Bra­zi­li­ýa­nyň “Fla­men­go” to­pa­ry bol­dy. “Fla­men­go” to­pa­ry ýa­rym fi­nal­da ýur­duň baş­ga bir klu­by, 2017-nji ýy­lyň çem­pio­ny “Gre­mio­ny” ýa­ryş­dan çy­kar­dy. 1–1 gu­ta­ran bi­rin­ji oý­nuň jo­gap du­şu­şy­gyn­da “Fla­men­go” uly ha­sap bi­len, 5–0 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şy­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Rio de Ža­nei­ro şä­he­ri­niň we­ki­li­niň gol­la­ry­ny Bru­no Hen­ri­ke (42), Gab­ri­el Bar­bo­sa (46, 55 p), Ma­ri (66) hem-de Rod­ri­go Kaio (70) der­we­zä gi­riz­di. Şun­luk­da, “Fla­men­go” 38 ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek “Li­ber­ta­do­res” ku­bo­gyn­da fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Olar mun­dan öň 1981-nji ýyl­daky finalda Çi­li­niň “Kob­re­loa” to­pa­ry­ny ýe­ňip, ku­bo­gy as­ma­na gö­te­rip­di.
“Ri­wer Pleýt” bi­len “Fla­men­go­nyň” ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şy­gy 23-nji no­ýabr­da Çi­li­niň paý­tag­ty San­tia­go­da­ky Hu­lio Mar­ti­nes Pra­da­no­syň ady­ny gö­ter­ýän Mil­li sta­di­on­da oý­na­lar.