Şikesi sebäpli köp wagtlap çykyş edip bilmedik britaniýaly tennisçi Endi Mýurreý 2,5 ýyldan soň, ilkinji çempionlygyny gazandy. 32 ýaşyndaky tennisçi Belgiýanyň Antwerpen şäherinde geçirilen “Ýewropa Açyk” ýaryşynda ýeňiji boldy. Ol 2 sagat 28 minutlap dowam eden finalda şweýsariýaly Stan Wawrinkany 2:1 hasabynda ýeňdi. 1-nji setde 6:3 utulan Mýurreý soňky 2 setde 6:4 hasaplar bilen garşydaşyndan üstün çykdy. Soňky sapar 2017-nji ýylda Dubaýda ýeňiş gazanan Mýurreý 46-njy ATP kubogyny asmana göterdi.