Mil­li gym­mat­lyk­lar ha­kyn­da söh­bet et­mek he­mi­şe-de ýa­kym­ly. Çün­ki, ola­ryň her­sin­de hal­ky­my­zyň yk­ba­ly, şu gü­ni we ta­ry­hy bi­len bag­ly köp san­ly mag­lu­mat­lar se­ri­ňe dol­ýar. Bu söh­bet mil­li pu­lu­myz ha­kyn­da aý­dy­lan­da-da şeý­le­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 1993-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da öz mil­li pu­lu­my­zyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi, türk­men döw­le­ti­niň pul do­la­ny­şy­gy­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm tap­gy­ry ala­mat­lan­dyr­dy. Türk­men ma­na­dy mil­li buý­san­jy­my­za öw­rü­lip, ýur­du­my­zyň ösüş ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gin­de, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, Ga­raş­syz hem he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let­li­li­gi­niň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Şol sy­ýa­sat bol­sa, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, onuň daş­ky ýag­daý­la­ryň ýa­ra­maz tä­si­ri­ne dur­nuk­ly bol­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň dün­ýä ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Stra­te­gi­ki me­ýil­na­ma­laş­dy­ry­şyň bi­te­wi we çe­ýe ul­ga­my­ny dö­ret­mek, döw­le­tiň ma­li­ýe ul­ga­my­ny, pul-karz, sal­gyt-býu­jet we nyrh sy­ýa­sa­ty­ny kä­mil­leş­dir­mek mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Mil­li ma­na­dyň bi­te­wi we dur­nuk­ly hüm­me­ti­ni üp­jün et­mek mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan düýp­li iş­le­riň bi­ri bol­dy. Bil­şi­miz ýa­ly, de­no­mi­na­si­ýa­nyň ge­çi­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti pug­ta­lan­dyr­mak we mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da tä­ze tap­gy­ry ala­mat­lan­dy­ran mö­hüm wa­ka bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gol çe­ken ýö­ri­te Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, 2009-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan mil­li pu­lu­my­zyň – ma­na­dyň tä­ze, de­no­mi­nir­le­nen nus­ga­sy do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça uzak­möh­let­le­ýin gel­je­ge ni­ýet­le­nen top­lum­la­ýyn mil­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar, şol san­da ma­li­ýe ul­ga­myn­da­ky mak­sat­na­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Bank ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, bank­la­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, türk­men ma­na­dy­nyň hüm­me­ti­ni pug­ta­lan­dyr­mak, ila­ta be­ril­ýän karz­la­ryň we go­ýum­la­ryň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek, öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ry ge­çir­me­giň hä­zir­ki za­man ul­ga­my iş­jeň ýo­la go­ýul­ýar. Goz­gal­ma­ýan em­läk üçin karz ber­mek ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, bank­la­ryň ma­li­ýe ha­sa­bat­ly­ly­gy­ny hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mä­ge, ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Aý­lyk zäh­met ha­ky, go­ýum, maş­ga­la we umu­my do­la­ny­şyk­da­ky kart­la­ryň, tö­leg ter­mi­nal­la­ry­nyň, ban­ko­mat­la­ryň, hal­ka­ra Mas­terCard we Visa kart­la­ry­nyň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar, olar do­la­ny­şyk­da bök­denç­siz he­re­ket ed­ýär. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň “Halk­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky ta­ra­pyn­dan hem giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Şeý­le­lik bi­len, hä­zir­ki gün­ler­de bank ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de mö­hüm we­zi­pe­ler dur­ýar. Ola­ry amal et­mek üçin bol­sa, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz äh­li ze­rur bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Biz, mun­dan beý­läk-de öz yh­las­ly zäh­me­ti­mi­zi, gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne ba­gyş ede­ris. Mil­li ma­na­dy­my­zyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­len gü­ni bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, äh­li hal­ky­my­zy, bank ul­ga­my­nyň ag­zy­bir iş­gär­le­ri­ni tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys!

Mäh­ri­je­mal Ab­dy­rah­ma­no­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň “Halk­bank” döw­let tä­jir­çi­lik
ban­ky­nyň Ma­li­ýe yk­dy­sa­dy sel­je­riş we usul­yýet mü­dir­li­gi­niň Usul­yýet bö­lü­mi­niň baş­ly­gy.