Ösüp gelýän nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar, çün­ki ça­ga­lyk­dan baş­lap, şah­sy­ýe­tiň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry we çel­gi­le­ri ke­ma­la ge­ti­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça hö­kü­met ag­za­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň adyn­dan ça­ga­la­ra aja­ýyp sow­gat­la­ry – we­lo­si­ped­le­ri gow­şur­mak üçin Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­le­şen Döw­let­li­ler köş­gü­ne bar­dy­lar.

Tä­ze nus­ga­da­ky we­lo­si­ped­ler ozal döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur hor­ma­tyň hem-de mil­li we hal­ka­ra sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mä­ge go­şan uly go­şan­dy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň ny­şa­ny hök­mün­de sow­gat ber­lip­di. Ola­ry ça­ga­la­ra gow­şur­mak ka­ra­ry – hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýaş ne­sil, Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi ha­kyn­da ata­lyk ala­da­sy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, we­lo­si­ped­le­riň ýe­ne-de iki­si­ni mil­li Li­de­ri­miz Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň Pre­zi­dent mu­ze­ýi bö­lü­mi­ne hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň tä­ze gu­rul­ýan bi­na­syn­da ýer­leş­di­ril­jek mu­ze­ýe gow­şur­dy.
Döw­let­li­ler köş­gün­de ge­çi­ri­len çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li, dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň, bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. Ça­ga­la­ryň we ýaş­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ne iş­jeň gat­naş­ma­gy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ata­lyk ala­da­sy­nyň ne­ti­je­si­dir. Ça­ga­la­ra gow­şu­ryl­ýan we­lo­si­ped­ler, olar üçin spor­tuň dün­ýä­de meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga hö­wes dö­re­der. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na şeý­le aja­ýyp sow­gat üçin, çuň­ňur ho­şal­lyk söz­le­ri be­ýan edil­di. Bu, ça­ga­la­ryň spor­ta bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, di­ňe sport­da däl-de, eý­sem, okuw­da hem tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dy­rar.
Ýur­du­my­zyň äh­li ça­ga­la­ry­nyň ata­lyk ala­da­sy bi­len gur­şa­lan­dy­gy üçin Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­ren ça­ga­lar mil­li Li­de­ri­mi­ze berk jan sag­ly­gy­ny, uzak ömür, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.
Soň­ra Döw­let­li­ler köş­gü­niň ýaş eýe­le­ri­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da we­lo­si­ped­ler gow­şu­ryl­dy, bu bol­sa ça­ga­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka öw­rül­di. Ýa­dy­gär­lik üçin bi­le­lik­de su­ra­ta dü­şen­le­rin­den soň, ça­ga­lar we­lo­si­ped­le­re mü­nüp, şä­her­ji­giň çä­gin­de hö­wes bi­len aý­lan­dy­lar hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ady­na ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.
Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li gu­ra­lan dabara köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş bi­len do­wam et­di. Şol ýö­riş­de ýaş we­lo­si­ped­çi­le­re köp san­ly tür­gen­ler we ta­lyp­lar, şeý­le hem ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, paý­tag­ty­myz­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry go­şul­dy­lar.