Dünýäde täze iri awtokonsern peýda bolýar. Ägirt uly iki sany awtomobil öndürýän kompaniýalar öz güýçlerini 50/50 göterim deň şertlerde birleşdirmek babatdaky pikirlerini mälim etdiler.
Italýan-amerikan “Fiat Chrysler” hem-de Fransiýanyň “Peugeot” kysymly ulaglaryny öndürýän “PSA” kompaniýalary dünýäde dördünji uly awtomobil öndürýän konserni döretmek babatda tagallalaryny birleşdirmegi meýilleşdirýär. “Peugeot S.A.” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşi hem-de “Fiat Chrysler Automobiles N.V.” kompaniýasynyň direktorlar geňeşi 50/50 göterim deň şertlerde güýçlerini birleşdirmek babatda işlemek boýunça degişli karara geldiler.
Bu barada kompaniýalaryň bilelikdäki beýannamasynda bellenilip geçildi. Geleşigiň netijelerine görä, umumy maýasy 50 milliard dollara golaý kompaniýa döredilip, bilelikde önümçilige girişiler. Bu kompaniýanyň düzüminde “Fiat”, “Dodge”, “Ram”, “Chrysler”, “Alfa Romeo”, “Maserati”, “Peugeot”, “DS”, “Opel” we “Vauxhall” kysymly ulaglar öndüriler.
Dünýäniň iki iri kompaniýasynyň dolandyryjylar topary iň ýakyn wagtda gepleşikleri tamamlamagy maksat edinýär. Olar bilelikde bir ýylda 8,7 million ulag öndürip, zawodlaryň işini bes etmezden 3,7 milliard ýewro tygşytlamagy göz öňünde tutýarlar.
Täze dörediljek kompaniýany “PSA Group” kompaniýasynyň baş müdiri Karlos Tawares dolandyrar. “Fiat Chrysler” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Jon Elkan hem birmeňzeş wezipäni eýelär. Birleşen kompaniýanyň direktorlar geňeşi 11 adamdan ybarat bolup, “PSA Group” kompaniýasyndan 6 adam, “Fiat Chrysler” kompaniýasyndan 5 adam girer.
Täze kompaniýanyň paýnamalary Nýu-Ýorkuň, Parižiň hem-de Milanyň biržalarynda satuwa çykarylar. Kompaniýa elektrik togy bilen işleýän senagaty ösdürmegi hem-de awtoulag önümçiligine emeli aň ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär. Tehnologiýalaryň özara alyş-çalşygynyň netijesinde çykdajylary azaltmak maksat edinilýär.
Mundan ozal, “Fiat Chrysler” kompaniýasy Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy bilen güýçlerini birleşdirmek babatda gepleşikler geçirdi. Emma şol gepleşikler şowsuz tamamlandy.
Häzirki wagtda dünýäde awtomobil önümçiliginde her ýyl azyndan 9 million ulag öndürýän Ýaponiýanyň “Toyota”, Germaniýanyň “Volkswagen” hem-de ABŞ-nyň “General Motors” kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. Täze dörediljek kompaniýa hem ýokarda ady agzalan kompaniýalar bilen bäsleşer.
“Fiat” kompaniýasy 1899-njy ýylda döredildi we “Fiat”, “Lancia”, “Alfa Romeo”, “Abarth”, “Ferrari” we “Maserati” ýaly ulaglary öndürýär. Bu kompaniýa 2014-nji ýylda Amerikanyň “Chrysler” firmasynyň paýnamalarynyň 100 göterimini eýeläp, dünýäniň 7-nji uly kompaniýasy boldy. 2018-nji ýylda bu kompaniýa 4,84 million ulag satdy.
“PSA” (ozalky ady – “PSA Peugeot-Citroen”) Ýewropada “Volkswagen AG” kompaniýasyndan soňra ýeňil awtoulag önümçiliginde ikinji orunda durýar. Bu kompaniýanyň merkezi edarasy Parižde ýerleşýär. Konsern “Citroen”-iň 90 göterim paýnamalaryny satyn alynmasynyň esasynda döredildi.
Orazgeldi ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.