Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da köp gat­ly ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Maş­ga­la­la­ryň ýüz­den gow­ra­gy Pa­ra­hat-7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da bi­na edi­len tä­ze jaý­dan oňaý­ly öý­le­riň açar­la­ry­ny al­dy­lar. Da­ba­ra paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­niň ýolbaşçylary, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, şä­he­riň köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dylar.

Da­ba­ra gat­na­şan­la­ryň ag­zy­bir­lik­li el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da bag­ty­ýar öý eýe­le­ri­ne meý­da­ny giň, goş­ma­ça kö­mek­çi otag­la­ry bo­lan oňaý­ly öý­le­riň 108-si­niň açar­la­ry gow­şu­ryl­dy. Aş­ha­na, na­har­ha­na, daş­ky ga­py­dan gi­rel­gä­niň öňü­niň giň­li­gi amat­ly­ly­gyň hem-de oňaý­ly­ly­gyň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na do­ly ky­bap gel­ýär. Hä­zir­ki za­man gör­nü­şin­de gur­na­lan ýo­ka­ry hil­li me­bel­ler ýur­du­my­zyň ön­dü­ri­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyp­dyr.

Bag­ty­ýar öý eýe­le­ri öz şat­lyk­la­ry­ny paý­la­şyp, ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na ber­ýän ýa­daw­syz üns-ala­da­sy üçin, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Ja­ýyň ýa­na­şyk ýer­le­ri hem aba­dan­laş­dy­ry­lyp­dyr, şol ýer­ler­de ça­ga­la­ryň oý­na­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­mak, me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri­ni we da­ba­ra­la­ry ge­çir­mek üçin meý­dan­ça­lar bar.

Jaý­la­ryň tö­we­re­gin­de gül­ler, gök ot­lar eki­lip­dir, kö­çe­ler yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my bi­len üp­jün edi­lip­dir. Paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň tä­ze­çil­lik mak­sat­na­ma­syn­da aş­ga­bat­ly­la­ryň oňaý­ly dur­mu­şy üçin hem­me şert­ler göz öňün­de tu­tul­ýan ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Yzygiderli peý­da bol­ýan tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ryny çalt ös­ýän Pa­ra­hat-7 şäherçesinde görmek bolýar.
Ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­dä­ki gur­lu­şyk­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li üns ber­ýän me­se­le­si­dir. Aş­ga­ba­dyň bi­na­gär­lik gö­zel­li­gi, be­lent gat­ly jaý­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, giň şa­ýol­lar we owa­dan be­ze­len meý­dan­ça­lar hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we je­bis­li­gi­niň, öz bagt­ly gel­je­gi­ne ym­ty­ly­şy­nyň ny­şa­ny bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Annameret AMANAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.