Hytaý Halk Respublikasy interneti ösdürmekde ikinji orunda barýar. Bu ugurda birinjiligi ABŞ eýeleýär. Bu barada golaýda Hytaýyň Çžeszýan welaýatynyň Uçžen şäherçesinde geçirilen VI Bütindünýä internet meseleleri boýunça maslahatda bellenilip geçildi.
Bu babatda Hytaý internet ulanmakda birinji, ýöne innowasion mümkinçilikleri, pudagyň ösdürilmegi babatda bolsa ikinjiligi eýeleýär. Ýöne Hytaýyň bu ugurda peýdalanylmadyk ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy hem bellenildi.
Hytaýyň hökümeti 2018-nji ýylda sanly ykdysadyýet üçin 31,3 trillion ýuan (takmynan, 4,4 trillion dollar) möçberinde serişde gönükdirdi. Ýurduň jemi içerki önüminiň 34,8 göterimine deň bolan bu görkeziji Hytaýda internet pudagynyň ösdürilmegi üçin hem köp möçberde serişdeleriň gönükdirilýändigini görkezýär. Mundan başga-da, ýurtda elektron söwda ulgamy hem çalt depginlerde ösýär. Geçen ýyl elektron söwda ulgamyndaky geleşikleriň möçberi 31,6 trillion ýuana deň boldy. Elektron söwda ulgamyň hyzmatyndan gazanylan girdeji 3,5 trillion ýuana barabar boldy. Şu ýylyň iýun aýynyň maglumatyna görä, Hytaýda 854 million adam internet ulanýar.