Dünýäniň iri awiagurluşyk kompaniýalary bolan Ýewropanyň “Airbus” hem-de ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýalarynyň arasynda özara bäsleşik dowam edýär. Soňky ýyllarda “Airbus” kompaniýasy öňe saýlandy. Golaýda Hindistanyň “IndiGo” awiakompaniýasy “A320neo”, “A321neo” hem-de “A321” kysymly “Airbus” uçarlarynyň 300 sanysyny sargyt etdi.
“Airbus” kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “A320neo” kysymly uçarlaryň 300 sanysynyň birbada sargyt edilmegi “Airbusyň” şu wagta çenli kabul eden iň uly sargydy boldy. Bu sargytlaryň ýerine ýetirilmegi bilen Hindistanyň “IndiGo” awiakompaniýasynyň uçarlarynyň sany 730-a deň bolar.
2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň maglumatyna görä, “Airbus” kompaniýasy döwrebap uçar önümçiligi boýunça 6650 sargyt kabul etdi.
“IndiGo” awiakompaniýasy Hindistanyň iň uly awiakompaniýalarynyň biridir. Ol ýurduň awiakompaniýalarynyň arasynda halkara ýolagçy gatnatmakda “Air India” hem-de “Jet Airways” kompaniýalaryndan soň üçünji orunda durýar. Bu kompaniýa özüniň ilkinji “Airbus” uçaryny 2018-nji ýylyň dekabr aýynda satyn alypdy.
Mundan başga-da, “Airbus” kompaniýasy şu ýylyň 10-njy oktýabrynda “A320neo” kysymly uçarynyň 1000-njisini öndürdi we ony hem Hindistanyň “IndiGo” awiakompaniýasyna tabşyrdy.
Han MÄMMEDKULIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.