Hytaýyň mobil aragatnaşyk operatorlary 1-nji noýabrdan başlap, müşderilerine 5G hyzmatyny hödürläp başlady. Maglumat geçirijiliginiň ýokary tizligine eýe bolan 5G ulgamy dünýäniň köp ýerinde synag edilýär. Hytaý bolsa, ony ilkinji gezek Pekin we Şanhaý şäherinde halka hödürledi. Mundan soňra Uçžen şäherinde bu ulgamy şu ýylyň ahyryna çenli işe girizmek göz öňünde tutulýar.
5G ulgamy 4G-den 100 esse çalt, adaty kabel geçirijilerinden bolsa 10 esse çalt işleýär. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 5G ulgamy bazarynyň paýy 672 milliard dollara deň bolar. Londonyň “GSMA” bileleşiginiň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäde 5G ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 1,2 milliarda deň bolar. Bu görkezijiniň 600 milliony ýa-da 40 göterimi Hytaýyň raýatlary bolar.
Oktýabr aýynyň maglumatyna görä, Hytaýda 10 million adam onlaýn sargytlaryny 5G hyzmaty arkaly amala aşyrdy. “China Mobile”, “China Unicom” we “China Telecom” operatorlary 5G hyzmaty üçin rugsatnama aldy. Hytaýda diňe awgust aýynda 5G ulgamly 219 müň telefon satyldy.
Hytaýda 5G ulgamynyň bir aýlyk 30 Gb möçberindäki tarifi 128 ýuandan (18 dollar) başlanýar. Bu tarifden peýdalanmak üçin 10 million adam sargyt etdi. “Bernstein” kompaniýasynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli bu ýurtda 5G ulgamynyň müşderisiniň sany 120 milliona, 2021-nji ýylda bolsa, 465 milliona ýeter.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, 5G ulgamynyň gurşap alýan çäginiň onçakly köp bolmandygy üçin bu ugurdaky telefonlary satyn alýanlaryň sany hem onçakly köp däl. “China Mobile”, “China Unicom” we “China Telecom” operatorlary 302 milliard ýuan sarp edip, ýurduň çäginde 130 müň beket gurmagy meýilleşdirýär.