Is­pa­ni­ýa­da 68,8 ki­log­ram ag­ra­myn­da ägirt uly kö­me­lek ta­pyl­dy. Ol dün­ýä­niň iň uly kö­me­le­gi hök­mün­de ka­bul edil­di. Ony kö­me­lek­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­mak­da ök­de hü­när­men hem-de mi­ko­log Serd­jo Mar­ti­nes Wal­le­dor tap­dy. Bu äpet uly kö­me­le­gi tu­tuş­ly­gy­na to­kaý­dan çy­kar­mak ba­şart­ma­dy. Olar bir­nä­çe bö­le­ge bö­lün­di. Wal­le­do­ra bu kö­me­le­gi gö­ter­mä­ge bir­nä­çe adam kö­mek et­di.

Ta­py­lan kö­me­le­giň gör­nü­şi­ni il­ki­ba­da anyk­la­mak ýe­ňil bol­ma­dy. Kö­me­lek­ler bo­ýun­ça hü­när­men Wal­le­dor il­ki bi­len ony to­wuk eti­niň ta­ga­my­ny ber­ýän to­wuk kö­me­le­gidir (“Lae­ti­po­rus sulp­hu­re­us”) öýt­di. Ýö­ne jik­me-jik ge­çi­ri­len sel­jer­me­ler­den soň­ra, onuň äpet uly me­ri­pi­lus kö­me­le­gi­di­gi anyk­lan­dy. Bu agaç kö­me­le­gi dün­ýä­dä­ki iň uly kö­me­lek­le­riň bi­ri­dir. Mun­dan ozal, şeý­le gör­nüş­li kö­me­le­giň agramy 45 ki­log­ra­mlygy ta­py­lyp­dy.