Ýe­ne-de bir ýyl­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň (BAE) ösen söw­da hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk şä­he­ri Du­baý­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan “EKS­PO-2020” bü­tin­dün­ýä ser­gi­si eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­çi­li­giň esa­sy meý­dan­ça­sy­na öw­rü­ler. Bu iri hal­ka­ra fo­ru­ma 192 ýurt gat­na­şar. Du­baý şä­he­rin­de al­ty aý­lap do­wam et­jek ser­gi­niň işi­ni syn­la­mak üçin dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den 25 mil­li­on ada­myň gelmegine ga­ra­şyl­ýar. Fo­ru­myň myh­man­la­ry­nyň 70 gö­te­ri­mi­niň BAE-niň da­şyn­dan gel­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Bu gör­ke­zi­ji 168 ýyl­lyk bü­tin­dün­ýä ser­gi­le­ri­niň ara­syn­da has giň ge­rim­li­si bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ser­gä her gün ýüz müň­ler­çe ada­myň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Onuň gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­rin­de eme­li aň ul­ga­myn­dan peý­da­la­ny­lar. Öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar ser­gi­niň işi­niň bök­denç­siz ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne hem-de köp san­ly myh­man­la­ry ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der.

Ser­gi­niň do­wa­myn­da peý­da­la­nyl­jak elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den üp­jün et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ener­gi­ýa­nyň uly bö­le­gi Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum Gün ener­gi­ýa parkyndan üp­jün edi­ler. Mun­dan baş­ga-da, bu iri hal­ka­ra fo­ru­my­nyň myh­man­la­ry­na eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­mak tek­lip edi­ler. Ser­gi­niň eýe­le­ýän meý­da­nyn­da ulag­lar üçin “Green Char­ger” zar­ýad ber­ýän be­ket­ler hyz­mat eder.

Bü­tin­dün­ýä “EKS­PO” ser­gi­si­ni 2020-nji ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri ka­bul eder. “Akyl­la­ry bir­leş­di­rip, gel­je­gi dö­red­ýä­ris” di­ýen şy­gar bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek bu äh­lu­mu­my göz­den ge­çi­ri­li­şe Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hem öz pa­wil­ýo­ny bi­len gat­na­şar. 2020-nji ýy­lyň 20-nji okt­ýab­ryn­da res­mi taý­dan açyl­jak ser­gi 2021-nji ýy­lyň 10-njy ap­re­li­ne çen­li do­wam eder.

 

Amanmyrat REPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň talyby.