30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Iki goňşy döwletiň Baştutanlary ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgide çykmaga mümkinçilik beren ylalaşyklary we geljegi uly meýilnamalary amala aşyrmak babatda döwletara hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler. Taraplar uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmanyň uludygyny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.
Şunda serhetýaka hyzmatdaşlygyň, sebitiň umumy meselelerini çözmekde özara gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Şol meseleleriň hatarynda Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak möhüm orun eýeleýär.
Goňşy ýurtlary baglanyşdyrýan ulag ýollarynyň, şol sanda Türkmenistan tarapyndan Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň gurulmagynyň möhümdigi bellenildi. Ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik döredip, söwdany, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döreder.
Iki dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Milli Liderimiz döwletimiziň abraýly guramalaryň derejesinde, ozaly bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň hem häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmek, ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça Özbegistanyň nukdaýnazaryna uly hormat bilen garaýandygyny belledi.
Iki ýurduň Prezidentleri ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylym-bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.
Telefon arkaly gepleşigiň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.