Güýz­de “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry­nyň” dün­ýä bel­li aw­to­ry Jon Ruel Tol­ki­niň (1892-1973) ki­ta­by ne­şir edi­ler. Bu ge­zek ol kys­sa bilen däl-de, eý­sem, şy­gyr bi­len ýa­zy­lan eser­ler­den yba­rat bo­lar. Çün­ki köp­ler Tol­ki­niň bel­li şa­hyr­dy­gy­ny, dil­çi­di­gi­ni we alym­dy­gy­ny unu­dyp baş­lap­dy­lar. Şa­hy­ra­na ýy­gyn­dy ýet­miş ýyl mun­dan ozal ne­şir edi­lip­dir. Bri­tan ne­şir­ýat­çy­la­ri bu boş­lu­gy dol­dur­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­di­ler. Şeý­le­lik­de, ze­hin­li ýa­zy­jy­nyň dün­ýä­de söý­lüp okal­ýan ese­ri gaý­ta­dan oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­ler.
Oky­jy­lar Tol­kin ta­ra­pyn­dan bel­li bre­ton ro­wa­ýa­ty esa­syn­da ýa­zy­lan “Art­ru we Irt­run hak­da bal­la­da” bi­len ta­nyş­jak­dyk­la­ry­na öňün­den be­gen­ýär­ler. Ýa­zy­jy­nyň beý­le­ki eser­le­rin­de bol­şy ýa­ly, bal­la­da­da hem öz­bo­luş­ly gah­ry­man­lar, hu­su­san hem, tä­sin kelt ja­dy­göý­le­ri bar. Bi­le­si­ge­li­ji oky­jy­lar bu ja­dy­göý­de “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry­nyň” gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri­niň – elf ja­dy­gö­ýü­niň hä­si­ýe­ti­ni kyn­çy­lyk­syz gö­rüp bil­se­ler ge­rek. Ýy­gyn­da bu bal­la­da­dan baş­ga beý­le­ki şa­hy­ra­na eser­ler hem gi­ri­zi­lip, ola­ryň kö­pü­si dür­li ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň folk­lor mi­ra­sy­nyň maz­mu­ny bo­ýun­ça dö­re­di­lip­dir.