BRIKS guramasy tarapyndan döredilen Ösüş bankynyň ilkinji ýyllyk mejlisi Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirildi. Russiýa, Hytaý, Braziliýa, Günorta Afrika we Hindistan ýaly döwletleriň gatnaşmagynda döredilen BRIKS guramasynyň bu banky gurama agza döwletlere hem-de ösüp barýan ýurtlarda dürli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi.
Bankyň mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşan Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Çžan Gaoli guramanyň Ösüş bankynyň işine mundan beýläk-de goldaw bermegi dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. Ol hemmäniň tagallasy bilen bankyň işi has-da kämilleşdirilip, onuň BRIKS ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bankyň direktorlar geňeşiniň mejlisinde birnäçe taslamalary maliýeleşdirmek babatda degişli çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Kareliýa Respublikasynda kiçi gidroelektrik beketlerini gurmak baradaky taslama hem bar. Munuň üçin 100 million dollar karz berler.
—Biz şu gün Russiýadaky taslamamyzy tassykladyk. Onuň üçin 100 million dollar gönükdiriler. Aprel aýynda 811 million dollar möçberinde 4 taslamany maliýeleşdirmek babatda ylalaşdyk. Taslamalar üçin 20 ýyl möhlet bilen karz pul berilýär. Braziliýa 300 million dollar, Hytaýa 81 million dollar, Hindistana 250 million dollar, Günorta Afrika Respublikasyna 180 million dollar berler. Aprel aýyndaky mejlisde Russiýa tarapyndan taslama hödürlenmedi – diýip, bankyň ýolbaşçysy Kundapur Waman Kamath gürrüň berdi.
Bu maliýe edarasy 2014-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. Onuň merkezi binasy Şanhaý şäherinde. Onda 45 hünärmen zähmet çekýär. Bankyň hemişelik hünärmenleriniň sanyny 100-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Mundan bir ýyl ozal, 20-nji iýulda bankyň işi resmi taýdan ýola goýuldy.