For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 18-nji ýa­ry­şy Mek­si­ka “Gran Pri­sin­de” bri­ta­ni­ýa­ly Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-nji ha­tar­dan ýa­ry­şa baş­lan Ha­mil­ton Mek­si­ka­nyň paý­tag­ty Me­hi­ko­da­ky Her­ma­nos Rod­ri­ge­siň ady­ny gö­ter­ýän tras­sa­da 71 aý­la­wy 1 sa­gat 36 mi­nut 48,904 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­dä­ki 10-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 83-nji ge­zek mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kan Ha­mil­ton no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­na go­laý­la­dy. Ikin­ji ha­tar­da­ky Bot­tas bi­len utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 74-e çy­ka­ran Ha­mil­to­n er­tir­ki Ame­ri­ka “Gran Pri­sin­de” 4 utuk ga­za­nan ýag­da­ýyn­da 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder. Ýag­ny oňa çem­pi­on­lyk üçin 8-nji orun hem ýe­ter­lik bo­lar. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 tap­gyr ga­lan­da, Ha­mil­to­nyň 363, Bot­ta­syň 289, Lek­le­riň 235 utu­gy bar.

Mek­si­ka “Gran Pri­sin­de” 2-nji ýe­ri Se­bas­ti­an Wet­tel eýe­läp, ol Ha­mil­ton­dan 1,7 se­kunt yza gal­dy. Iň­lis sü­rü­ji­sin­den 3,5 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len to­par­da­şy Walt­te­ri Bot­tas 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Il­kin­ji ha­tar­dan bat alan “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly pi­lo­ty Şarl Lek­ler 4-nji ýe­ri eýe­le­di.

F1-de möw­sü­miň 19-njy ýa­ry­şy er­tir ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da ge­çi­ri­ler.