Ýaponiýada geçirilen ZOZO golf ýaryşynda amerikaly Taýger Wuds ýeňiji boldy. Şeýlelikde, 43 ýaşyndaky Wuds “PGA Tour” ýaryşlarynda 82-nji çempionlygyny gazanyp, bu ugurda watandaşy Sem Snidiň rekordyny gaýtalady. Karýerasyndaky ilkinji kubogyny mundan 23 ýyl ozal ýokary göteren Taýger Wuds ABŞ-da, Ýaponiýada, Angliýada, Irlandiýada, Şotlandiýada, Ispaniýada, Kanadada birnäçe ýaryşda ýeňiş gazandy. Aprel aýynda “Masters” ýaryşynda çempion bolup, 11 ýyldan soň, 15-nji uly kubogyny gazanan Wuds bu ugurda rekordyň eýesi Jek Niklausa (18 uly kubok) bir ädim golaýlapdy.