Ga­ry­şyk sö­weş sun­ga­ty­nyň (MMA) ta­ny­mal we­ki­li, ir­lan­di­ýa­ly Ko­nor Makg­re­gor tä­ze­den özü­niň söý­gü­li spor­tu­na do­lan­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Mun­dan 7 aý ozal, sport bi­len hoş­la­şan 31 ýaş­ly tür­gen gel­jek ýy­lyň 18-nji ýan­wa­ryn­da rin­ge çyk­jak­dy­gy­ny, eý­ýäm­den tür­gen­le­şik­le­re baş­lan­dy­gy­ny, tut­lu­şy­ga çen­li do­ly de­re­je­de taý­ýar bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ol: “Ki­miň bi­len du­şu­şyk ge­çir­jek­di­gim hä­zir­lik­çe bel­li däl, ýö­ne kim bo­lan­da-da ma­ňa ta­pa­wu­dy ýok” di­ýip, bel­läp geç­di. Soň­ky du­şu­şy­gy­ny ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da rus­si­ýa­ly Ha­bib Nur­ma­go­me­dow bi­len ge­çi­rip, gar­şy­da­şyn­dan as­gyn ge­len Makg­re­gor UFC-niň çäk­le­rin­de 25 tut­lu­şy­gyň 21-sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy.