Fut­boldün­ýä­si­niň ägir­di, ar­gen­ti­na­ly ozal­ky fut­bol­çy Die­go Ar­man­do Ma­ra­do­na 59 ýa­şa­dy. 1960-njy ýy­lyň 30-njy okt­ýab­ryn­da Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty Bue­nos Aý­res­de dün­ýä inen Ma­ra­do­na 1976-njy ýyl­da “Ar­gen­ti­nos Ju­niors­da” fut­bo­la baş­la­ýar. 1981-nji ýyl­da “Bo­ko Hu­ni­or­sa”, bir ýyl­dan so­ňam “Bar­se­lo­na” trans­fer bo­lan Ma­ra­do­na 1984-1991-nji ýyl­lar­da “Na­po­li­de” oý­na­ýar. Soň­lu­gy bi­len “Se­wil­ýa”, “Ne­well’s Old Boýz” we ýe­ne-de “Bo­ko Hu­niors” klub­la­ryn­da oý­nan Ma­ra­do­na Ar­gen­ti­na­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len 1986-njy ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­zan­ýar. Ol “Na­po­li” bi­len Ita­li­ýa­da 2 ge­zek çem­pi­on­ly­ga my­na­syp bol­ýar. Mil­li to­par­da 91 oýun­da 34 gol ge­çi­ren Ma­ra­do­na 1994-nji ýyl­da tä­lim­çi­li­ge baş­la­ýar. Onuň il­kin­ji sy­na­ny­şyk­la­ry gys­ga wagt­lyk bo­lup, ol sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li, 2008-nji ýy­la çen­li tä­lim­çi­li­gi bes ed­ýär. 2008–2010-njy ýyl­lar­da Ar­gen­ti­na­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na, şeý­le-de “Al-Wasl”, “De­por­ti­wo Riest­ra” (kö­mek­çi tä­lim­çi), “Fu­jai­rah”, “Do­ra­dos de Si­na­loa” klub­la­ry­na tä­lim ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da “Him­na­sia de La Pla­ta” klu­bu­nyň tä­lim­çi­si bo­lup iş­le­ýän Ma­ra­do­na he­mi­şe met­bu­ga­tyň üns mer­ke­zi­nde bo­lup, onuň 1986-njy ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ýa­rym fi­na­lyn­da Ang­li­ýa­nyň der­we­ze­sin­den ge­çi­ren 2 go­ly hiç ha­çan ýat­dan çyk­ma­sa ge­rek.Köp­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, fut­bo­lyň ta­ry­hynda iň ök­de oýun­çy ha­sap­lan­ýan Ma­ra­do­na bu ba­bat­da el­my­da­ma bra­zi­li­ýa­ly Pe­le bi­len de­ňeş­di­ril­ýär.