2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol özünde dünýäniň 10 ýurdundan 60-dan gowrak bilermeni jemledi. Maslahatyň işine suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary amala aşyrýan 9 sany halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.  

Maslahaty geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çykyş etdi. Global Suw Hyzmatdaşlygy bolsa bu halkara duşuşygy gurnamaga kömek etdi.

Maslahata gatnaşyjylar öz ýurdunyň ýeten sepgitleri we üstünlikleri baradaky hasabaty bilen çykyş etdiler, toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar hem-de hemmeler üçin suw serişdeleriniň barlygyny we tygşytly peýdalanylmagyny, arassaçylygy üpjün etmek bolan Durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy maksadyna ýetmek meseleleri boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň iň wajyp ugurlaryny bellediler. Maslahatdaky hasabatlaryň käbiri sebitiň ýurtlarynyň 6.5 maksady, ýagny 2030-njy ýyla çenli suw serişdeleriniň ähli derejede, şol sanda gerekli ýagdaýlarda transserhet hyzmatdaşlyk arkaly ulgamlaýyn dolandyrylmagyny üpjün etmek babatda alyp barýan çärelerine bagyşlandy.

Suw meselesini çözmek babatdaky ösüşe baha bermek bilen, milli we sebit derejede suw hyzmatdaşlygynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça pikirlerini beýan etdiler, şeýle-de Suw serişdelerini ulgamlaýyn dolandyrmak ýörelgelerini girizmek prosessine gatnaşýan taraplaryň hersiniň orny we mümkinçilikleri baradaky düşünjäni ýokarlandyrdylar.

Maslahatyň meýilnamasynyň esasy bölegi tamamlanandan soň, gatnaşyjylar suw serişdelerini tygşytly ulanmak tehnologiýalary girizilen desgalara baryp gördüler. Kabul edýän tarap hormatly myhmanlar üçin medeni çäreleri hem taýýarlady – myhmanlar Ak-bugdaý etrabynda ýerleşýän türkmen alabaýlaryny ýetişdirýän hojalyga bardylar we türkmen halkynyň nähili derejede öz däplerini we milli medeni mirasyny söýgi bilen aýap saklaýandygyny gördüler.