Hormatly Prezidentimiziň 6-7-nji noýabr aralygynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary uly üstünliklere beslendi. Milli Liderimiziň Italiýa şu sapary biziň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýän Ýewropa döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ilerletmegiň ugrunda möhüm ädim boldy. Rim şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-italýan gepleşikleriniň hem-de Milan şäherinde geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň çäklerinde köp sanly ylalaşyklar gazanyldy. Gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we Italiýanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýändigine şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiz Italiýa saparynyň barşynda Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi. Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyklarda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýet berilýär. Ýewropa ugry hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridir.
ITALÝAN IŞEWÜRLERI
BILEN DUŞUŞYK
Milli Liderimiz sapar wagty kabulhanasy ýerleşen “Rome Cavalieri” myhmanhanasynda Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Ýewropada we dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen işewürler duşuşygyna “Danieli”, “ENI”, “Leonardo S.p.A”, “Maire Tecnimont”, “Valvitalia”, “Thales Alenia Space”, “Bonatti”, “SACE”, “Pietro Fiorentini” ýaly dünýäde meşhur kompaniýalaryň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz işewürleriň her biri bilen aýratyn görüşdi, olaryň her haýsysy pursatdan peýdalanyp, öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistanda işläp, hödürläp biljek hyzmatlaryny häsiýetlendirdiler. Şeýlelikde, “interaktiw ýagdaýda” diýen ýaly geçirilen gepleşikleriň barşynda mümkin bolan özara gatnaşyklaryň meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin mowzuklar aýdyň boldy. Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşligi dowam edip, Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän italýan işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şatdygyny belledi. Biziň ýurdumyz Italiýa bilen giň, köpugurly, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak, olara uzak möhletleýin häsiýeti bermek ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz italýan işewür toparlarynyň wekilleri bilen gazanylan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini belläp, işewürlere geljekde hem zerur bolan goldawyň beriljekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sanlary we maglumatlary mysal getirdi. Şeýlelikde, şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Italiýa 3-nji orny eýeledi. Bu bolsa örän oňat görkezijidir. Döwlet Baştutanymyz Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynyň netijeli geçendigini, onuň jemleri boýunça ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşykda meşhur italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary türkmen Liderine duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga wagt tapandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Olar Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanýandygyny bellediler.
“KIJI” KÖŞGÜNDÄKI DUŞUŞYK
Hormatly Prezidentimiz işewürler bilen duşuşygyndan soňra Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi kabulhanasyna – “Kiji” köşgüne bardy. “Kiji” köşgündäki resmi dabaradan soňra türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi. Premýer-ministr Juzeppe Konte hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp hem-de Italiýa resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Juzeppe Konte döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan söwda-ykdysady, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşky gurşaw, ýeri we deňzi goramak ministrliginiň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsiri, töwekgelçiliklere baha bermek, uýgunlaşmak we täsiri azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we barlaglar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
“KWIRINALE” KÖŞGÜNDÄKI DUŞUŞYK
Soňra milli Liderimiz Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň resmi kabul edişlikler ýeri bolan “Kwirinale” köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady. Köşgüň “Arazzi di Lilla” zalynda giňişleýin düzümde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu saparyň hem-de häzirki gepleşikleriň netijeli, dostlukly we özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Juzeppe Konte bilen bolan gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, 6-njy noýabrda Milanda geçirilen iri türkmen-italýan işewürler maslahatynyň hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şonuň netijeleri boýunça şertnamalaryň we ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmen-italýan Işewürler geňeşini ýa-da Iş toparyny döretmegiň derwaýysdygyny aýtdy.
Bu duşuşykdan soňra hormatly Prezidentimiz “Altare della Patria” ýadygärlik binasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz näbelli esgeriň guburyna dabaraly ýagdaýda gül dessesini goýup, Italiýa Respublikasynyň milli gahrymanlaryny hatyralap, hormatyny bildirdi. Milli Liderimiz resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Leonardo da Winçi adyndaky Fýumiçino Halkara howa menziline gelip, Watanymyza ugrady. Şeýlelikde, Rimde ýokary derejede geçirilen türkmen-italýan gepleşikleri deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak, uzak möhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan giň gerimli hyzmatdaşlyga taraplaryň taýýardygyny aýdyň görkezdi.