Ýurdumyz boýunça pagtanyň 1 million
50 müň tonnadan gowragy taýýar edildi.
Harmanyňyza bereket, “ak altyn” ussatlary!
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna oba hojalyk pudagynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ýurdumyzyň ussat ekerançylary her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler.
Döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawyň netijesinde, üstümizdäki ýylda hem “ak altynyň” bol hasyly taýýarlandy. “Ak altyn” ussatlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Olar pagta meýdanlaryndaky pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin yhlasly zähmet çekdiler.
Pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň ekerançylarynyň paýyna düşdi. Olar “ak altynyň” 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrmagyň hötdesinden geldiler. Bu zähmet ýeňşi daýhanlaryň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşant goşmak ugrunda çeken halal, yhlasly zähmetleriniň ajaýyp miwesidir. Welaýatda Gökdepe, Ak bugdaý we Sarahs etraplarynyň pagtaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Ahal welaýatynyň yzysüre ýurdumyzyň Mary welaýatynyň pagtaçylary hem zähmet ýeňşini buşladylar. Bu welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlete 313 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Welaýatyň Ýolöten, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň ekerançylary pagta möwsümini ilkinjileriň hatarynda tamamladylar.
Mary welaýatyndan soňra Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary “ak altyn” öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 140 müň gektar meýdandan Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar. Welaýatda Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy we S.A.Nyýazow adyndaky etraplaryň pagtaçy daýhanlary ýokary netije gazandylar.
Şeýle hem Hasyl toýunyň öň ýanynda, Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 5 müň tonnadan gowrak “ak altyn” taýýarlap, Watan harmanyna goşdular. Mundan başga-da ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ekerançylary “ak altynyň” 295 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň hasyl ussatlary pagtanyň 1 million 50 müň tonnadan gowragyny taýýar edip, uly zähmet ýeňşini gazandylar.
Berkarar Watanymyzda oba zähmetkeşleriniň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertler döredilýär, daýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Munuň özi daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine we üstünliklere galkyndyrýar.
Ýurdumyzyň hasyl ussatlary hormatly Prezidentimiziň ýetişdirilen hasyly doly we ýitgisiz ýygnap almak boýunça öňde goýan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Ogulhajat JUMAGULYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.