Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da dün­ýä­niň köp san­ly döw­le­ti­niň me­de­ni­ýet gün­le­ri, ki­no gün­le­ri ýa­ly iri me­de­ni çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şu hep­de me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na de­giş­li wa­ka­la­ra baý bol­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 3-6-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Bal­ka­na­bat we Türk­men­ba­şy şä­her­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da Rus­si­ýa­nyň ki­no gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de rus ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan dür­li ýyl­lar­da dö­re­di­len çe­per film­le­riň gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Ýur­du­myz­da Rus­si­ýa­nyň ki­no­film­le­ri­ni gör­kez­mek in­di dä­be öw­rül­di. Bu dö­re­di­ji­lik çä­re­si iki ýur­duň ara­syn­da­ky me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­na öw­rül­di. Me­de­ni gat­na­şyk­lar hä­zir­ki wagt­da iki döw­le­tiň ösü­şin­de aý­ra­tyn or­na eýe bol­dy. Rus­si­ýa­nyň ki­no gün­le­ri­ne gat­naş­mak üçin rus­si­ýa­ly sun­gat us­sat­la­ry paý­tag­ty­my­za gel­di­ler. Olar Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da bo­lup, teatr sah­na­syn­da goý­lan oýun­lar bi­len ta­nyş­dy­lar.
Şeý­le hem Aş­ga­bat­da 5-7-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Dö­re­di­ji­lik çä­re­si iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek­de mö­hüm ädim­dir. Türk­me­nis­tan bi­len Er­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iki ýur­duň mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni has do­ly ama­la aşyr­ma­ga ga­bat gel­ýän köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kar­mak üçin hem­me şert­ler dö­re­di­len­dir. Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasynda Ýe­re­wa­nyň Döw­let ho­ru­nyň kon­ser­ti bol­dy. Şeýle hem me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Er­me­nis­ta­nyň mil­li ga­le­re­ýa­sy­nyň ser­gi­si, Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­syn­da bol­sa Ter­ýan me­de­ni mer­ke­zi­niň hü­när­men­le­ri bi­len du­şu­şyk, şeý­le hem er­me­ni re­žiss­ýor­la­ry­nyň ki­no­film­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi bol­dy.

Begmyrat MYRADOW,
Türk­menistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.