Fransiýa Respublikasy 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge başlady. Ýene-de 5 ýyldan geçiriljek dünýäniň giň gerimli sport ýaryşy üçin ýurduň paýtagty Parižiň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Sena-Sen-Deni departamentinde Olimpiýa şäherçesi gurlar. Bu şäherçe birnäçe hepdeläp 15 müň türgeniň arzyly mekanyna öwrüler.
Ýurduň Premýer-ministri Eduard Filipp Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Ol dabarada eden çykyşynda sport desgasynyň gurluşygy üçin uly möçberde maýa goýumlaryň goýuljakdygyny mälim etdi. “Pariž-2024” oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy, kürekli sport boýunça 3 gezek olimpiýa çempiony Toni Estange bolsa öz çykyşynda Olimpiýa şäherçesiniň oýunlaryň merkezi boljakdygyny, dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň geljekdigini belläp, Parižiň dalaşgärligi üçin goldaw berenlere minnetdarlyk bildirdi.
Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy üçin 7 milliard ýewro sarp ediler. 51 gektarlyk meýdanda guruljak sport şäherçesiniň gurluşygyny 3 ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Olimpiýa şäherçesinde ortaça 7 gatly 3500 otagly ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Oýunlar döwründe bu şäherçe 17 müň türgeni hem-de resmi wekiliýetleri kabul eder. 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly-11-nji awgusty aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 28 görnüşi boýunça baýrakly orunlar üçin gyzykly bäsleşikler geçiriler.
Kuwwat ORAZMÄMMEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.