Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda şanly seneler mynasybetli, aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda bu ýokary okuw mekdebiniň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň talyplarynyň täze döreden aýdym-sazlary ýaňlandy. Konserte köp sanly diňleýjiler we talyp ýaşlar özleriniň halypa mugallymlary bilen gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda dürli žanrlarda döredilen aýdym-saz eserleriniň ýigrimä golaýy diňlenildi. Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor Rejep Rejepow hünärleriň içinden professional aýdym-saz sungatyny saýlap alan talyp ýaşlaryň döredijilige bolan başarnyklaryna, ukyplaryna begenip buýsanyp öz ýürek sözüni şeýle beýan edýär:
–Halypa kompozitor pedagoglaryň yzygiderli aladalary bilen gurşalyp alnan talyp kompozitorlarymyzyň döredijiligi bilen tanşanyňda, özümiň talyp ýyllarym göz öňümde janlanýar. Şahyr zenan Bahargül Kerimowanyň goşgusyna “Deňeýän” atly aýdymymy Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okaýan ýyllarymda döredipdim. Elbetde, döredijilik kän bir ýaş aýratynlygy saýlamaýan bolarly… Biziň aýdym-saz ugrundan tälim berýän talyplarymyzyň şu konsertde ýaňlanan aýdym-sazlary muny subut edýär. Olaryň döreden eserlerinde halkylyk, millilik ýerlikli peýdalanylýar. Bu bolsa kompozitor üçin zerur zatlaryň biridir. Talyp Döwran Şammyýewiň “Şahyr hakda oýlanma” atly skripka we fortepiano üçin eserini dabara gatnaşanlar teşnelik bilen diňlediler. Talybymyz Sapa Sapaýewiň “Saňa garaşýan”, “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” atly goşgularyna talyp Baýrammyrat Tagandurdyýew özboluşly talyp joşguny bilen döreden aýdymy kämilligi bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi – diýdi.
Halk heňleri bilen birlikde professional aýdym-saz sungatynyň, şeýle hem kompozitorçylyk käriniň barha ösmegine Arkadag Prezidentimiz giň ýol açdy. Bu babatda, milli Liderimiz şahsy görelde görkezýär. Özüniň saýlap alan saz guraly bilen saz çalmagy, dürli-dürli temalar boýunça goşgulary goşup, olary öz döreden sazlaryna geçirip, halkymyza ýetirmegi, muny aýdyň subut edýär.
Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ylmy işgäri.