Aziýa-Ýuwaş ummanynyň ykdysady taýdan ýokary depginde ösýän ýurdy hasaplanýan Malaýziýada syýahatçylyk pudagynyň döwrebap ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylary çekmek üçin dürli çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurduň çäginde uly söwda festiwaly başlandy. Onuň çäklerinde dürli harytlary örän arzan bahadan satyn almaga mümkinçilik berilýär. “Malaysia Mega Sale” (“Malaýziýadaky uly arzanlaşyk”) atly şygar bilen geçirilýän festiwalyň çäklerinde syýahatçylara 70 göterime çenli arzanlaşyklar garaşýar.
Malaýziýanyň Syýahatçylyk edarasynyň habar bermegine görä, ýurduň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinden hem-de Selangor ştatyndan festiwala onlarça söwda merkezleri gatnaşýar. Söwda merkezlerindäki harytlarda uly arzanlaşyklar edilipdir, şeýle hem festiwalyň çäklerinde dürli sergidir konsertler guralýar. Mundan başga-da, bu köpçülikleýin çäräniň barşynda dürli bäsleşikler we utuşly oýunlar geçiriler.
Malaýziýadaky söwda festiwaly tomusky dynç alşy möwsüminiň ahyryna çenli dowam eder.