2020-nji ýylda Gaýana döwletiniň ykdysadyýetiniň 86 göterime deň boljakdygy mälim edildi. Bu barada Halkara Pul Gaznasy habar berýär. Bilermenleriň çaklamasyna görä, bu ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň Hytaýyň öňümizdäki ýylda garaşylýan ykdysady ösüş depgininden 14 esse köp boljakdygy aýdylýar.
Günorta Amerikada ýerleşýän bu ýurduň ykdysady ösüşiniň “Exxon Mobil” kompaniýasynyň nebit goruny tapmagy bilen baglanyşyklydygy habar berildi. 2019-njy ýylda Gaýananyň ykdysady ösüşi 4,4 göterime barabar bolar. Ýurduň jemi içerki önümi 4 milliard dollara deňdir. 2024-nji ýylda bu görkezijiniň 15 milliard dollara barabar boljakdygy mälim edildi.
Halkara Pul Gaznasynyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda bu ýurduň ykdysadyýetiniň 40 göterimini nebit senagaty eýelär. Gaýana Günorta Amerikanyň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän döwlet. Wenesuela we Braziliýa bilen serhetleşýär. Sebitiň iň kiçi ýurtlarynyň biri hasaplanýan Gaýanada 780 müň ilat ýaşaýar.
Oraznur ANNAGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.