Syýahat etmegi halaýanlar üçin otly bilen gezelenç etmegiň özboluşly, aýratyn lezzeti bar. Häzirki wagtda dünýäde bahasynyň amatly bolmagy, barjak ýeriňe tiz eltmegi ýaly mümkinçilikleri göz öňünde tutanyňda, elbetde uçar bilen gezelenç ilkinji nobatda durýar. Ýöne muňa garamazdan, otlynyň penjiresinden daş-töweregiňi synlap gitmek, tebigy gözelliklere, biri-birinden owadan binalara, dürli işler bilen gümra bolup ýören ynsanlara tomaşa etmegi başga hiç zat bilen çalşyp bolmasa gerek. Iki asyr gowrak wagtdan bäri adamzadyň durmuşynda uly orun alan otlular häzirki wagtda irki döwürlerdäkiden has oňaýly hem-de tizligi ýokary bolup hyzmat edýär. Üstesine-de ygtybarly, rahatlygy, daş-töwerege tomaşa etmäge mümkinçilik bermegi, şol bir wagtyň özünde-de romantik we nostalgiýa äheňde bolmagy, ony entekler modadan gaçyranok.
Ekspres otlularynyň arasynda beýlekilerden tapawutlylykda, sagatda 35 kilometr tizlik bilen ýöreýän “Glacier” ekspresi belki-de dünýäniň iň ýuwaş gidýän otlusy hasaplanýar. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Alp daglarynyň özüne maýyl ediji gözelliklerine syn etmäge mümkinçilik berýän bu otly Şweýsariýanyň Zermatt we St. Morris şäherleriniň arasynda gatnaýar. Otlynyň iki tarapy-da durşuna aýnadan. Bu otly bilen gezelenjiň dowamlylygy 8 sagat bolup, ýolagçylar 291 köprüden we 91 ýerasty geçelgeden geçýärler. Ýolagçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan bu otly bilen gezelenjiň bahasy 149 ýewrodan başlaýar.
Sekiz sany wagt guşaklygyndan geçip, Ýewropadyr Aziýanyň, Sibiriň tebigy gözelliklerine otluda tomaşa etmek isleýänler “Transsibir” ekspresi bilen 10 müň kilometre golaý ýol külterleýärler. Moskwadan ugraýan bu otluda 7 günläp dowam edýän gezelençde ýolagçylar ýolboýy Russiýanyň Gündogar sebitleriniň gözelliklerine, iki yklymy araçäklendirýän Ural daglaryna, Merkezi Aziýanyň düzlüklerine, Baýkal kölüniň täsinligine, Mongoliýanyň maýyl ediji tebigatyna syn edip, ahyrynda-da Wladiwostoga barýarlar. 1891–1916-njy ýyllar aralygynda gurlan şu demirýoldaky “Transsibir” ekspres gatnawlarynyň arasyndaky iň ygtybarlysy we iň aňrybaşy 2007-nji ýylda ýola goýlan “Golden Eagle – Transsibir” ekspresi bolup, onuň biletleriniň bahasy 16 müň dollara deňdir. “Transsibir” ekspresi dünýäniň iň uzak otluly gezelenji hasaplanýar.
Dünýäniň iň aňrybaş (lýuks) otly gezelenji hasaplanýan “The Pride of Africa” ekspresi bilen tutuş Afrika yklymyna syýahat etmek bolýar. Bu syýahat Günorta Afrikanyň iri şäherleri Pretoriýadan Keýptauna, ol ýerdenem Zimbabwedäki Wiktoriýa şaglawugynyň maýyl ediji manzaryny kesip, Zambiýadan geçýär we Tanzaniýanyň paýtagty Dar-es-Salamda tamamlanýar. Syýahatçylar bu gezelenç üçin azyndan 10 müň dollarlyk çykdajy etmeli bolup, “The Pride of Africa” ekspresi köne görnüşli, ýöne lýuks wagonlarda oturyp, tebigy aýratynlyklary, haýwanat dünýäsi bilen bütin Ýer togalagyny özüne bendi edýän Afrika yklymyna günortadan-demirgazyga gezelenç etmek isleýänleriň ilkinji ýüz tutýan ekspresidir. Başgaça aýdylanda, bu gezelenç ýolagçylar üçin ýatdan çykmajak nostalgiýa bolýar.
Dünýäniň 7 täsinliginiň biri bolan Perudaky Maçu Pikçu gadymy şäherçesine arkaýyn, rahat ýagdaýda barmak isleýänler, “Hiram Bingham” ekspresini saýlaýarlar. Maçu Pikçuny 1911-nji ýylda açan amerikaly syýahatçy Hiram Binghamyň ady goýlan bu ekspres bezegi hem-de özüniň gadymy “pullman” oturgyçlary bilen 1920-nji ýyllary ýadyňa salýar. Gezelenjiň dowamynda hödür edilýän tagamlar, ýörite geçirilýän aýdym-sazly dabaralar ýolagçylaryň göwnünden turýar. And daglarynyň eteginden geçýän demir ýoldaky bu gezelenç özüniň gadymy jaýlary bilen tapawutlanýan Kusko şäherinden başlap, günüň ahyrynda Maçu Pikçuda tamamlanýar. Gezelenjiň bahasy 600 dollara golaýdyr.
Adyny türkmen diline terjime edeniňde, “Tekerli köşk” diýen manyny berýän “Palace on Wheels” otly gatnawy medeniýeti, taryhy, sungaty, tebigaty bilen hemmäni haýran galdyrýan, şol bir wagtyň özünde-de otly gatnawlarynyň giňden ýaýran ýurdy Hindistana gezelenç etmek üçin iň oňaýly ulag bolup durýar. Bu gezelenjiň dowamynda ýolagçylara Hindistanyň taryhy ýerleri, dürli ybadathanalary, gadymy köşkleri, ýadygärlikleri hem-de haýbat atyp duran belent daglary garaşýar. Otly Jaýpur, Udaýpur, Jaýsalmer şäherlerinden geçip, dünýäniň 7 täsinliginiň biri bolan Agra şäherindäki Täç-Mahala baryp, yzyna dolanýar. Bu gezelenjiň her adam üçin çykdajysy 5 müň dollara deňdir.
Italiýanyň syýahatçylyk şäheri Wenesiýadan başlap, Türkiýäniň iň uly şäheri Stambulda tamamlanýan bu gezelenç 10 günläp dowam edýär. Kenarýakadan gaýdan otluda ýol boýunça deňziň göm-gök reňki ýolagçylara ýoldaş bolýar. Wenesiýadan soň, Italiýanyň başga bir şäheri Triesta, ol ýerdenem Balkan döwletleri – Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Serbiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Gresiýanyň hem-de Bolgariýanyň iň esasy şäherlerinden geçip, Stambulda tamamlanýan otly size ady agzalan ýurtlaryň gözelliklerini peşgeş berýär. Ähli amatlyklary bolan bu gezelenjiň bahasy 15 müň dollar möçberindedir.
Aňyrsyna-bärsine göz ýetirip bolmaýan garlyk meýdanlary bilen meşhurlyga eýe bolan Alýaskanyň sowuk howasynda içiňi ýyladýan gezelençleriň biri-de Alýaska demir ýoly gatnawydyr. Ýol boýy Alýaskanyň tundralaryna, haýwanat dünýäsiniň wekillerinden goňur aýylara, keýiklere syn etmek bolýar. Bu gatnaw Alýaskanyň iki iri şäheri Ankorij we Ferbenksden geçip, diňe otly bilen baryp bolýan ýerlere hem gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Gezelenjiň çäginde özboluşly aýnalar arkaly daş-töweregiň, tebigatyň täsinliklerini synlamaga mümkinçilik berýän awtobuslar arkaly Alýaskadaky Denali milli seýilgähe gitmek hem bolýar. “Denali Star” otlulary bilen amala aşyrylýan bu gezelenjiň bahasy 250 dollara deňdir.
Bulardan başga-da, Hindistandaky “Maharajas” ekspresi, Singapur–Malaýziýa–Tailand aralygynda gatnaýan “Eastern and Oriental” ekspresi, Londondan Wenesiýa ugraýan “Venice-Simplon Orient” ekspresi ýaly dünýä belli otly gatnawlary esasy ekspresler hasaplanýar.