Gi­et­hoorn oba­sy Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­ri­ne meň­ze­dil­ýär. Gol­lan­di­ýa­nyň Owe­riýs­sel we­la­ýa­ty­nyň Steen­wiý­ker­land şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän bu oba­nyň daş-tö­we­re­gi suw ka­nal­la­ry bi­len gur­şa­lan­dy­gy üçin bu ýe­re Gol­lan­di­ýa­nyň We­ne­si­ýa­sy ýa-da Ki­çi We­ne­si­ýa di­ýil­ýär. 2600-den gow­rak ila­tyň ýa­şa­ýan oba­sy­na ada­ty ulag­lar bi­len bar­mak müm­kin däl. Bu ýe­re di­ňe ga­ýyk­lar ýa-da we­lo­si­ped­ler bi­len bar­mak bol­ýar. Oba­da hä­zir­ki wagt­da äh­li trans­port ara­gat­na­şy­gy ga­ýyk­la­ryň ýa-da we­lo­si­ped­le­riň üs­ti bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Daş-tö­we­re­gi ka­nal­lar, köl­ler, öz­bo­luş­ly ki­çeň­räk köp­rü­ler hem-de eke­ran­çy­lyk ada­jyk­la­ry bi­len gur­şa­lan bu oba her ýyl ýüz müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy gelýär. Aý­ra­ty­nam soň­ky ýyl­lar­da azi­ýa­ly, esa­san hem hy­taý­ly ja­han­keş­de­ler bu tä­sin ýe­re köp sy­ýa­hat ed­ýärler. Her ýyl bu ýe­re azyn­dan 200 müň tö­we­re­gi hy­taý­ly ja­han­keş­de gel­ýär.

XIII asyr­da düý­bi tu­tu­lan bu oba­nyň ila­ty Or­ta asyr­lar­da ba­lyk­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyp­dyr. Bu oba 1958-nji ýyl­da dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­la­ýar. Şol ýyl bu oba­da gol­lan­di­ýa­ly ki­no­çy Bert Haanst­ra “Fan­fa­re” at­ly ko­me­di­ýa fil­mi­ni su­ra­ta dü­şür­megi oba meş­hur­lyk getirýär. Oba­da hä­zir­ki wagt­da 150-den gow­rak ulu­ly-ki­çi­li köp­ri bo­lup, onuň çä­gin­de te­bi­gy Gie­ter­se kö­li hem bar.